logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Goşa baýram-goşa toý
  20.05.2020
1034
Goşa baýram-goşa toý

      Türkmen halky owaldan toýdyr baýramlara baý halk. Hut şol maksatdanam bu günki gün dünýä ýüzünde “Türkmenistan toýly diýar”-diýip tanalýar.Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda ýenede bir şanly sene mynasybetli gadymy oguzlaryň ýurdynda toý toýlanýar. Ýagny her ýylyň maý aýynyň 18-ne Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň we Döwlet Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni goşa baýram hökmünde dabaralandyrylýar.Türkmenlere ýurduň tugy mukaddeslik hasaplanylýar. Taryhy maglumatlara ýüzlensek Oguzhanyň baýdagynyň hem ýaşyl reňkli bolanlygy nygtalýar.Şol ýaşyl reňkli baýdak ençeme söweşlerden aşyp bu günki gün asuda asmanymyzyň bezegine öwrüldi.Aýratyn bellenilmeli ýagdaýlaryň biri hem Ýow güninde söweşde türkmenler baýdagyny abraýly, başarjaň, edermen ýigitlere göterder ekenler.Islendik bir sebäbe görä göge göteriljek baýdagy götermek üçin mynasyp kişiler saýlanypdyr.Türkmençiligiň şeýle kadalary türkmen baýdagynyň mukaddeslik derejesine eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

       Milli senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabara paýtagtymyzda geçirilip, şol gün konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäresi geçirilýär.Bu senäni baýram edip bellenilmeginiň ýene bir sebäbi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmegidir.Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň täze taryhynyň esasy gazananlarynyň biri bolmak bilen mukaddes garaşsyzlygymyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň binýatlyk ugurlaryny  şeýle her bir raýat üçin wajyp bolan parahatçylyk döredijilik ýaly düşünjeleri özünde  jemleýär.Şol sanda Türkmenistany Konstitusiýasy döwletiň üýtgewsiz kadasyny aňlatmak bilen bir hatarda döredijilikli ösdürülýän resminama bolup durýar.Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuş ulgamynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp, yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy täze rejelenen görnüşini kabul etmek ýaly taryhy wakalary öz içine alýar. Esasy Kanuny kämilleşmegiň baş maksady häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda mähriban Watanymyzyň mundan beýläkde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň demokratik ýörelgeleri berkitmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hemmetaraplaýyn özgertmeleri amala aşyrmak üçin ygtybarly hukuk esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Kanunyň ygtybarlygynyň raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň kepili, halk häkimliginiň esaslarynyň bozulmagyny alamatlandyrýan Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşi dünýä we milli demokratik tejribelere, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýär...

       Adamlar durmuşyň gowy günlerini, iň süýji duýgularyny güllere meňzetýärler. Yna gül-gülzarlyga beslenip, al-elwan öwüsýän diýar, bu biziň Watanmyz Türkmenistandyr. Enäň mähri kimin gyzgyn toprakly Hydyr gören çöller, türkmeniň namysy kimin sarsman otyran daglar, ylham çeşmesi kimin joşyp akýan derýalaryň ählijesi biziňki. Yna şeýle watanda adamzadyň hak-hukuguny, rahatlygyny gorap öz halkyny eşretli günleriň sakasynda saglyk bilen toýlara sebäp bolsun. Mähriban watandaşlar diýarymyzda dabara bilen bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilen güni hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen ähliňizi gutlaýaryn.

Toýlar toýa ulaşsyn!