logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Science and Education /Giriş synaglary
  18.08.2020
2355
Giriş synaglary

    Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary welaýatymyzda guramaçylykly dowam edýär. Öňünden görlen taýýarlyk işleri giriş synaglarynyň ýokary derejesini üpjün edýär hem-de ýaşlara höwes edýän ugurlary boýunça zehin-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik döredýär.

   Ýokary okuw mekdepleriň aglabasy boýunça giriş synaglary Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy, 27-nji hem-de 28-nji orta mekdeplerde geçirilýär. Ýakynda agzalan orta mekdeplerde  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti boýunça giriş synaglary üstünlikli tamamlandy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine giriş synaglary bolsa, Änew şäherindäki N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde geçirildi.

  Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdep-internatynda bolsa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty boýunça giriş synaglary geçirildi. Bu synaglarda köpçülikleýin bedenterbiýä we sport-sagaldyş hereketlerine uly höwesi bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän ruhubelent ýaşlaryň ýüzlerçesi talyp bolmak üçin bilim, zehin we bedenterbiýe-sport babatdaky ukyp-başarnygyny görkezdi.

  Gökdepe etrabyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde bolsa, degişlilikde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi boýunça giriş synaglary boldy.  Olarda ýaşlara sungatyň degişli ugurlarynda zehinini açyp görkezmäge giň mümkinçilikdir şertler üpjün edildi.