logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry
  19.10.2026
13
GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi sebitleýin durnuklylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we parahatçylykly dialogy ösdürmäge itergi berýär. GDA formaty agza döwletler üçin netijeli dialogy gurmak, önümçilik we söwda zynjyrlaryny ösdürmek hem-da häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözgütlerini bilelikde tapmak üçin giň, köptaraplaýyn meýdançadyr.

 

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi onuň Arkalaşykdaky netijeli ornuny kesgitleýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, möhüm ykdysady we ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Biziň döwletimiziň garaýyşlary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we her bir gatnaşyjynyň bähbidine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.

 

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri hemişe bolşy ýaly, strategik çözgütleri işläp düzmek we Arkalaşygyň uzak möhletli gün tertibini kesgitlemek üçin esasy platforma bolup durýar. Bu ýokary derejedäki sammitlerde bitewi ykdysady giňişligi kemala getirmek, önümçilik kooperasiýasyny çuňlaşdyrmak, ekologiýa we energetika howpsuzlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

 

Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe ykdysady diplomatiýany ilerletmek, sebitleriň ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek we ekologiýa başlangyçlaryny giňeltmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2029-njy ýylyň «Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň ýy­ly»  diýlip yglan edilmegi muny aýdyň subut edýär.

 

Ykdysady ulgamda ýurdumyz GDA-ny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmäge, erkin söwdany işjeňleşdirmäge, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge we durnukly sebitara üpjünçilik zynjyrlaryny döretmäge aýratyn üns berýär. Şeýle hem, ähli agza döwletleriň infrastruktura mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek Konsepsiýasy öňe sürülýär.

 

Şonuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer, ylym, bilim we ýaşlar alyş-çalyş ulgamynda hem-de bilelikdäki ekologiýa meselelerinde toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise GDA agza döwletleriň baştutanlary — Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri, şeýle hem Arkalaşygyň Baş sekretary gatnaşdy. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň bolsa hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy bu sammitiň halkara ähmiýetini has-da artdyrdy.

 

Mejlisden daşgary geçirilen çärelerde öňe sürülen pikirler hem-de teklipnamalar ählumumy abadançylygy berkitmäge we parahatçylyk dialogyny ösdürmäge uly goşant goşdy. Galyberse-de, Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda kanunçylyk şeýle hem parlament edaralary babatynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Munuň özi dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň giň gerimlidigini aňladýar.  Şeýle geňeşmeler birnäçe ýyllardan bäri işjeň häsiýetde alnyp barlyp, geljekde hem bu gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdüriljekdigine ynam bildirilýär.

 

Taýýarlanlar Döwran HOJAMYRADOW,

Rozymyrat HUDAÝBERDIÝEW, Mary welaýat

kazyýetiniň Şikaýatlar we arzalar bölüminiň

maslahatçylary.