Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ruhy bütewiligiň mukaddes döwri başlandy ✦ ✦ Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli gepleşikler ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: ösüşiň täze tapgyry ✦ ✦ Tebigy betbagtçylyklara garşy irki duýduryş ulgamlary: sanly modelleşdirme we global howpsuzlyk ✦ ✦ Saýlaw möwsümi dowam edýär: dalaşgärleri hödürlemek tapgyry işjeň alnyp barylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen tanyş edýäris ✦ ✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Gawun miwesiniň hiline döküniň täsiri
  15.02.2023
728
Gawun miwesiniň hiline döküniň täsiri

Eziz Türkmenistan Watanymyz datly türkmen gawunynyň güneşli mekanydyr. Türkmen gawunynyň ýakymly ysy, datly tagamy tutuş dünýä ýüzüne bellidir. Türkmeniň waharman gawuny eziz halkymyz üçin rysgal-berekediň çeşmesidir. Türkmen gawunynyň ajaýyp tagamy şireliligi we jana şypalylygy babatda dünýä jahankeşdeleriniň, syýahatçylarynyň hem-de taryhçylarynyň arasynda meşhurlyga eýe. Türkmen halky gadymy wagtlardan bäri gawun ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelipdir. Ýurdumyzda ýerli gawun sortlaryny ösdürip ýetişdirmek 3-4 müň ýyl öň başlanypdyr. Eger merdana halkymyz gadymdan bäri gawun ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolmadyk bolsa, kyrk günde ýetişýän zamçasy, ýetişenden soň indiki ýylyň gawun hasylyna çenli saklanyp bilýän Garrygyz gawuny hem bolmazdy. Bu zatlar bakjaçylygyň, gawunçylygyň halkymyz tarapyndan ussatlyk bilen alnyp barlandygyna we häzirki güne ýetirilendigine taryh şaýat. Häzirki wagtda hem bütin ömrüni gawunçylyga bagyş edip, datly gawunlaryň ýokary hasylyny almagy başarýan edermen gawunçylarymyz köp.

Bakja ekinleriniň arasynda gawun ösdürip ýetişdirmekde kabul edilen ideg işleri alnyp barylýar. Topraga ekilen gawun çigitleriniň gögerip çykmaklary üçin + 14 + 16 gradus howanyň ýylylyk derejesi zerurdyr. Gawunyň dürli görnüşleriniň we sortlarynyň ösmegi, güllemekleri we miwe emele getirmekleri üçin + 28 + 30 gradus ýyly howa gerek bolýar. Howa çenden aşa gurak bolan döwürleri gawunyň güllerinde kadaly tozanlanyş bolmansoň, ösüşden yza galan miweler emele gelýär. Gawun ekmek üçin ýeňil, çemenlik, arassa toprakly ýerler saýlanyp alynýar. Ekin dolanyşygynda gawuny däneli ekinlerden, ýorunjadan, ot-iýmlik ösümliklerden boşan ýerlerde ösdürip ýetişdirmek maslahat berilýär. Gawun ideginde dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmeklik esasy roly oýnaýar, çünki alynjak hasylyň agramly bölegi dökünleriň hasabyna alynýar. Ösüş döwründe bakja ekinleri ýörite tehnikalar bilen 2-3 gezek bejerilýär we mineral dökünler bilen iki gezek goşmaça iýmitlendirilýär. Birinji gezek gämik 3-4 ýaprak çykaranda, ikinji gezek bolsa gawun pazyly köpçülikleýin gülläp başlanda, goşmaça iýmitlendirilýär. Şonda her gektara 100 kg karbamid döküni we 150 kg möçberde superfosfat döküni dökülýär. Mineral hem organiki dökünler KPN-4,2 kysymly dökün döküji kultiwator bilen dökülýär. Şeýle hem ekinler 2-3 ýaprak emele getirende bir gezek we şondan 25-30 gün geçenden soň hem bir gezek olaryň düýbi ýumşadylyp gumlanýar, şol bir wagtyň özünde hem olaryň pazyllary joýalaryň düşegine goýberilýär. Ösüş döwründe dökün berlenden soň gawuna 7-10 gezek suw tutulýar. Ony ýuwaş akym bilen, kökden ýere çykýan bognuny basdyrman suwarmaly. Gawunyň dogry hem kadaly möçberde dökünlenmegi onuň emele getirjek miwesine uly derejede täsir edýär we gawunyň süýjüligi saklanýar, hili hem gowy bolup, köp wagt durnukly bolýar. 

 

Laçyn DURDYLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.