Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlyk ýyllary içinde TDSG-da ýetilen belent sepgitler.
  04.11.2019
942
Garaşsyzlyk ýyllary içinde TDSG-da ýetilen belent sepgitler.

   Hemmämiziň bilşimiz ýaly ata Watanmyz öz milli Garaşsyzlygyna 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda eýe bolýar. Şu geçen döwriň içinde ýurdumyz asyrlara barabar uly ösüşler gazandy. Muňa Дöвлет серхединиň горагыныň хасда гüйчлендирилмегиниň mysalynda hem aýdyň göz ýetirip bolýar.

   Garaşsyzlygmyzy alan ilkinji ýyllarymyzdan başlap biziň ýurdumyz goňşy serhetdeş ýurtlar bilen özara hoşnyýetli goňşyçylyk gatnaşyklarny ýöredip gelýär. Sebitde we dünýäde ähliumumy parahatçylygyň hatyralaryna çykyş edýän ýurdumyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ykrar edilen oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredip gelýär. Şoňa göräde ýurdumyzyň ýaragly güýçleri goranmak häsiýetlidir.

   1993-nji ýylyň 4-nji iýulynda serhet goşunlary üçin ofiserleri taýýarlaýan mekdebi we 1-nji sentýarynda Türkmenistanyň harby institutyny açyp ulanmaga berýärler. Galybersede 2011-nji  ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň serhet institutynyň açylmagy, 2014-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Serhet institutynyň we TDSG-nyň merkezi edrasynyň  täze binalar toplymynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem döwletimiz tarapyndan serhetçiler barada edilýän aladalardan nyşandyr.

     Häzirki wagtda serhet goşunlary Hormatly belent serkerdebaşymyzyň şahsy tagallalary netijesinde düýbünden täze derejä çykaryldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz serhet goşunlarыmyzyň bölümçelerиne ilkinji gezek 2008-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Balkanabat serhet birikmesine iş sapar bilen barýar. Hut şol güni serhet goşunlarynyň taryhynda täze döwriň başlanan güni diýlip ynamly aýtmak bolar. Yzygiderli ýagdaýda maddy we enjamlaýyn binýadyň  pugtalandyrylmagy, täze tehnikalaryň we ýaraglaryň satyn alynmagy, birnäçe döwrebap serhet birikmeleriň we onlarça serhet galalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olara mysal edip ýaňy ýakynda gurlup ulanylmaga berlen Tagtabazar, Serhedabat we Etrek serhet birikmelerni görkezmek bolar. Täze serhet birikmeleriň hut Hormatly Belent Сerkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde açylmagy, milli Lidermiziň ol ýerde gulluk edýän harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolup olara döredilýän şertler bilen tanyşmagy bolsa biz serhetçileriň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şeýle-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň oňaýly dynç almagyny, ýokary derejede gulluk alyp barmaklaryny, sport bilen meşgullanmaklaryny, gullukdan boş wagtlaryny manyly geçirmeklerini we olaryň maşgala agzalarny döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjin etmek boýunça hem giň möçberli işler alnyp barylýar.

    Häzirkizaman harby tehnikalaryndan kämil baş çykarýan, ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanmagynada aýratyn uly üns berilýär. Gahryman Hormatly Belent Serkerdebaşymyň ak pata bermeginde Serhet institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, dürli derejedäki harby gullukçylar bilen yzygiderli ýagdaýda okuw sapaklarыnyň we türgenleşikleriň, taktiki meýdan okuw türgenleşiklerиniň gurnalmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

    Ata-Watanыmyzyň dost doganlyk araçäklerиni göziniň göreji ýaly gorap saklamagy özüne belent borç hasaplaýan serhetçilermiz bu günki gün Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda düýbinden täze güýç, täze ruh, egsilmez hyjuw hem-de gujur-gaýrat bilen gulluk alyp barýarlar.

   Ýeri gelende aýtsak Hormatly Belent Serkerdebaşymyz 2016-njy ýylyň 31-nji martynda Sarahs serhet birikmesiniň “Çilkeman” serhet galasynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu şatlykly waka biziň serhet birikmämiziň ähli harby gullukçylarnyň  aňynda ebedilik galdy. Häzirki wagtda şol serhet galada gulluk alyp barýan her bir esger Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň açyp beren serhet galasynda gulluk edýändigine buýsanýar.

  Biz Serhetçiler üçin yzygiderli aladalаryny gaýgyrmaýan Hоrmatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn.