logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Garahan gala” taryhy ýadygärligi
  17.04.2020
1181
“Garahan gala” taryhy ýadygärligi

    Bu gala Kaka etrabynyň Garahan obasyndan, takmynan 5-6 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Gala taraplary 120 metre deň bolan dörtburçluk görnüşinde gurlupdyr. Galanyň günorta tarapdaky ganatynyň ortasynda giňligi 3,5 metre barabar bolan derweze gurlupdyr. Derwezäniň iki gapdalynda diwaryň deňesinden 3,5 metr öňe çykyp duran, töwrek görnüşinde salnan iki sany diň bolup, olaryň beýikligi 4 metre barabardyr. Dörtburçluk görnüşinde bina edilen bu galanyň her burçunda bir diň uzakdan seleňläp görünýär. Emma galanyň içine aralaşyp syn etseň welin, günbatar, demirgazyk, gündogar we günorta ganatlarynyň ortasynda hem diňleriň bolandygy mese-mälim bildirip dur. Umuman, galada jemi 9 sany diň bolupdyr. Diwarlary 1 metr inlilikde pagsadan salnyp, olaryň häzirki beýikligi 4 metr çemesidir. Galanyň daş-töweregi garym we gaçy bilen gurşalypdyr. Gala XVIII asyryň aýaklary XIX syryň başlary bilen senelenýär. Galanyň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr. XIX asyryň ortalarynda gözbaşyny dag eteginden alyp gaýdýan Nöwrekçaýyň suwunyň kesilmegi zerarly, galanyň ilaty bu ýerden günorta tarapa süýşmäge mejbur bolupdyr. Mähdi han Astrabady özüniň “Nedir şanyň taryhy” atly işinde türkmenleriň Zagçent atly galasynyň Garahan atly serdaryny gaýta-gaýta agzap geçýär. Şeýle hem Hywa taryhçylaryndan Munis we Agahi XIX asyryň başlarynda Hywa hanlarynyň Etege eden çozuşlary döwründe Gozgan töwereklerinde ýaşan garhanlylar barada ýazypdyrlar. Gala we onuň ilatyna şol Garahan diýen şahsyň adynyň dakylandygy aýdylýar. Giň sähralykda maldarçylyk bilen meşgullanýan ilatyň gala gurup ýaşamak ýörelgesiniň täsin nusgasy bolan bu gala aýratyn ähmiýetli binagärlik ýadygärligidir. Şol sebäpli, häzirki wagtda raýatlarymyz we ýurdumyza gelýän daşary ýurt syýahatçylary hem bu taryhy galanyň häzirki durkyny görmek hem-de onuň taryhy bilen gyzyklanyp onuň çägine yzygiderli barýarlar