logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Gahryman enelere hormat
  05.03.2020
1463
Gahryman enelere hormat

       Ösüşlerden ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň, aladalaryň netijesi bu gün öý-ojaklarymyza şatlyk bolup dolýar. Ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, söwda we dynç alyş merkezleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletmiziň bir şahasy hasaplanýan maşgalalarymyzyň diregi zenanlara bildirýän hormaty diýseň uludyr. Zenanlarymyzy sylamak, hormat goýmak türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän asylly edebinden nyşandyr. Biz bu asylly edebi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir tutumly işlerde, döwletimizde bolup geçýän şatlykly toýlarda, baýramçylyklarda aýdyň görýäris. Şeýle buýsandyryjy, guwandyryjy toýlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda toýlandy. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde Ahal welaýat häkiminiň, etrap häkiminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we il sylagly ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli 2020-nji ýylda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan we sekiz çagany dünýä indiren Sarahs etrabynyň ýaşaýjysy Mährijemal Mürzäýewanyň maşgalasyna täze ýaşaýyş jaýynyň sowgat berliş dabarasy bolup geçdi. Dabarada welaýat häkimi sekiz çagaly maşgalany täze ýaşaýyş jaýynyň berilmegi bilen gutlap, täze ýaşaýyş jaýynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Soňra dabarada bagşy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-saza, medeniýet işgärleriniň taýýarlan sahnalaryna tomaşa edildi. Milli däp-dessurlarymyza eýerip, toý gazanlary atarylyp täze öýde türkmen jaý toýy uludan toýlandy. Medeniýet sungat işgärleriniň ýerine ýetirilmeginde gadymdan gelýän türkmen milli däp-dessurlarymyz dabara bilen utgaşyp gitdi. Ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda täze ýaşaýyş jaýyna göçüp baran maşgala däp-dessurlarymyza laýyklykda dabaraly ýagdaýda täze jaýa gadam basdylar. Içinde ähli amatlyklary bolan dört otagly ýaşaýyş jaýynda aşhana otagy, çagalar üçin niýetlenen ähli şertleri bolan otaglaryň bolmagy hem-de sowadyş, ýyladyş ulgamlarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk bolmagy täze jaýa göçüp gelen maşgalany has-da buýsandyrýar. Täze jaý berilen maşgalanyň buýsançly alkyş sözlerini diňlemek has-da ýakymly boldy. Dabara gatnaşyjylar şunyň ýaly toýlaryň köp bolmagyny arzuw edip ýurdumyzda işlemäne döretmäge giň mümükinçilikleriň döredilýändigine özleriniň minnetdanlyk sözlerini aýtdylar.