logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /GAHRYMAN ARKADAGYMYZDAN PEŞGEŞ
  01.11.2022
960
GAHRYMAN ARKADAGYMYZDAN PEŞGEŞ

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym, bilim, saglyk we başga-da köp ugurlarda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda, Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV tomunyň çykmagy ähli saglyk işgärleri, kitapsöýüjiler we türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem bu kitabyň tanyşdyrylyş we hoşallyk maslahaty geçirilip, oňa professor mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly we täsirli çykyşlar edilen bu hoşallyk maslahaty talyp ýaşlaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Professor mugallymlar bu kitabyň ähmiýeti we gymmaty barada ajaýyp çykyşlary etdiler. Türkmen oba hojalyk institutymyzyň talyplaryndan ybarat bolan «Bagtyýarlyk joşguny» atly döredijilik toparynyň çykyşlary bolsa, maslahata gelenleriň şatlygyna şatlyk goşdy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň bu tomunda güneşli diýarymyzda bitýän dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň 118 görnüşi barada gürrüň edilýär. Melhemleriň nähili taýýarlanylyşy, nähili ulanylyşy, haýsy derde derman bolup biljekdigi barada ýazylan bu kitap türkmen dilinden başga-da rus we iňlis dillerine hem terjime edilen.

Biz talyp ýaşlar bolsa şeýle bagtyýar  döwürde ýaşamaga, okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleriň döredilendigi üçin diýseň begenýäris we buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň şeýle atalyk aladalaryna jogap edip, biz hem ylymly-bilimli, dörediji we Watanymyzy ösdürmäge goşant goşjak talyplar boljakdygymyza ynandyrýarys. Öz ajaýyp kitaplaryny il-halkyna peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza we onuň dowamatyny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini we döwlet galamynyň ýiti bolmagyny talyp ýüregimizden arzuw edýäris. 

 

Wepa HAZIROW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.