logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Gadyr gijesi mynasybetli 514 sany raýatyň günäsi geçildi
  22.04.2022
1022
Gadyr gijesi mynasybetli 514 sany raýatyň günäsi geçildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.  Döwlet Baştutanymyz, göni wideoaragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewiň hasabatyny diňledi. B.Gündogdyýew Topar tarapyndan jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 514 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tussaglykdan boşatmak baradaky Permana gol çekdi.