logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Gadymy Gresiýa barada
  28.03.2024
1977
Gadymy Gresiýa barada

Gadymy grek medeniýeti, dili, syýasaty, bilimi, filosofiýasy dünýäde birnäçe ulgamlaryň, pudaklaryň düýbüniň tutulmagynda güýçli täsir etdi. Grekleriň territoriýasyny Rim Imperatorlygynyň basyp almagy netijesinde olaryň ähli ugurda gazanan üstünlikleri diýen ýaly latynlaryň adyndan görkezilip başlandy. Grekler filosofiýa, matematika, astronomiýa, medisina ýaly ylymlarda özleriniň uly goşandyny goşdular. Grek medeniýeti häzirki zaman teatrlarynyň döremegine hem öz täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda bu döwlet özüniň täsin, taryhy ýadygärlikleri bilen dünýä ýüzüniň syýahatçylaryny özüne çekýär. Biz siziň üçin Gadymy Gresiýa barada biri-birinden täsin, gyzykly maglumatlary topladyk: 

1. Gresiýada ýylyň dowamynda 250 gün howa güneşli bolýar. 

2. Greklerde ýaşaýyş jaýlarynyň üsti gök reňkler bilen reňklenen bolup ol halkyň ynançlaryna görä içinde ýaşaýan adamlary erbetliklerden goramak üçindir. 

3. Ýurduň çäginde käbir taryhy ýadygärliklerde ökjeli aýakgap geýmek kanun esasynda gadagandyr. 

4. Salamlaşmak ýada ýagdaýyny soramak maksady bilen birine eliňi galgamak greklerde aýyp hasaplanýar. 

5. Ýurduň territoriýasynyň ähli ýerini deňizler gurşap alan ýagny deňze iň uzak ýeri bary-ýogy 136 km daşlykda ýerleşen. 

6. 18 ýaşdan geçen her bir raýat saýlawlarda hökman ses berlişige gatnaşmalydyr. 

7. Bu döwletde birnäçe adalar bar bolup olaryň sany 6000 deňdir. Olaryň 227 sanysynda ýaşaýyş bar. 

8. 1830-njy ýylyň 3-nji fewralynda Angliýa, Fransiýa, Russiýa London protokolyna gol çekip Osman Imperiýasyna degişli Gresiýany garaşsyz döwlet yglan etdi. 

9. Gadymy grekler b.e.öň 2000-nji ýyllarda Balkan ýarymadasynda ýaşandyklary aýdylýar.  

10. Gresiýada bir raýata iki syýahatçy düşýär diýip statistiki maglumatlarda hasaba alnan.

 

Begenç NOBATGELDIÝEW,

 

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 

Türkmenabat agrosenagat orta 

hünär okuw mekdebiniň talyby.