logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Interesting /Gadymy Atalyk mekdepler
  30.03.2024
754
Gadymy Atalyk mekdepler

Türkmen-oguz milli bilim terbiýe ulgamynyň abraýyny dünýä äşgär eden atalyk mekdeplerdir. Atalyk mekdepleri köşklerde, patyşanyň howandarlyklarynda döredilipdir. Mekdebiň işine ýörite bellenen baş atabeg-wezir gözegçilik edipdir we hut patyşanyň özüne yzygider hasabat beripdir. 


 

Çagalara bilim berýän terbiýeçileri we mugallymlary atalar, atalyklar, atabegler diýip atlandyrypdyrlar. Olar ukyply türkmen ýaşlaryndan ýörite taýýarlanypdyrlar. Atalyk mekdeplerinde dünýä dilleri we edebiýaty, sözleýiş sungatynyň ussatlygy, taryh, geografiýa, astrologiýa, astronomiýa, geometriýa, arifmetika ýaly ylymlaryň esaslary, söweş we serkerdelik tilsimatlary öwredilipdir.


 

Atabeglerden talap diýseň güýçli bolupdyr. Olar öz terbiýeleýän şägirdini ähli ugurdan, ähli babatda kämil derejede we durmuşa taýýar edip ýetişdirmeli bolupdyr. Bu işde hat-da ownuk säwlikleriň we kemçilikleriň bolmazlygy kanuny hasaplanypdyr. Atalyklar mekdebini tamamlaýan ýetginjegi patyşanyň wekilinden, danyşmentlerden, batyrlardan we çaganyň hossarlaryndan ybarat bolan topar ýörite synagdan geçiripdir. Şonuň üçin hem türkmen atabegleriniň terbiýesini alan ýaşlar dünýäniň ähli künjeklerinde dünýägaraýyşlarynyň giňligin  sowatlylygy, beden taýdan sagdynlygy, serkerdelik başarnygynyň artykmaçlygy bilen parhlanypdyr. Türkmen atalyk mekdepleri  Gündogarda hem-de Günbatarda meşhurlyk gazanypdyr. Şeýle bolansoň arap döwletleri, Wizantiýa, Hytaý, Hindistan kimin ýurtlaryň patyşalarydyr hanlarynyň bilim we tälim aldyrmak üçin öz çagalaryny türkmen ülkesine ibermekleri güwä geçýär.


 

Mekdepler, hat-ýazuw milletiň ylmynyň-biliminiň medeniýetiniň, sungatynyň, umuman, tutuş milli ruhuň ösüş derejesinden habar berýän subutnamadyr. Jeýtun, Altyndepe, Merw ýaly gadymy medeni merkezleri döreden, taryha mälim bolan bäş adamzat gymmatlygynyň birini dünýä peşgeş beren türkmenleriň milli ýazuwynyň bolmagy tebigy kanunalaýyklyk we taryhy hakykatdyr. Bu hat-ýazuwlaryň tapylmagy türkmen topragyndan gadymdan bäri ylma-bilime uly üns berlenligine şaýatlyk edýär.

                                                         

Maýa BERDIMYRADOWA, 
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň talyby.