logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Science and Education /Gadamy batly bagtyýar ýaşlar
  11.11.2022
915
Gadamy batly bagtyýar ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha belent sepgitlere ýetýär. Ylym-bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek bolup durýar.

Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli döwrebaplaşdyrmak, Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, zehinli, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň zerurdygy nazara alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň kämil, döwrebap bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Pähimdar pederlerimiz halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň ösüşinden gözläpdirler. Şunuň bilen baglylykda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky asylly başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty ertirine ynamyny berkidýär. Ýurdumyzyň her bir raýatyny ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna jan aýaman zähmet çekmäge, okamaga, gurmaga, döretmäge ruhlandyrýar. Bu işler abadançylygyň, gülläp ösüşiň, nesillerimiziň baky bagtyýar ýaşamagynyň badalgasydyr. Çünki ylym ýoly kämilligiň ýoludyr, bagtyýar ýaşlarymyzy sowatly, bilimli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ruhy-ahlak taýdan sagdyn, ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmegiň ýoludyr.

Biz ýaşlar hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Bu bolsa okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berketmäge, ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimimizi giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmamyzy artdyrmaga giň ýol açýar.

Goý, ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Aýşat DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.