logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler
  27.01.2026
1644
FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler

FIFA-nyň höwesjeň futbol boýunça hünärmenleri Gaioz Darsadze (Gruziýa) we Raimondas Statkewiçius (Litwa) iş sapary bilen Türkmenistana geldiler. Saparyň esasy maksady Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmek hem-de höwesjeň futboluň häzirki ýagdaýyny seljermekden ybaratdyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

«Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen duşuşykda Gaioz Darsadze Türkmenistanda höwesjeň futboluň ösüş mümkinçiliklerine ýokary baha berdi. Onuň belleýşi ýaly, FIFA 185 ýurtda geçirilen seljermegiň netijesinde Türkmenistan döwlet goldawynyň netijesinde öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak üçin amatly ýurtlaryň biri hökmünde tapawutlandy.

 

Hünärmen esasy ösüş guraly hökmünde «Mekdeplerde – futbol» maksatnamasyny görkezdi. Bu başlangyç ýaş türgenleri taýýarlamak bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge hem hyzmat edýär. Şeýle-de FIFA-nyň «Zehinleri ösdürmek meýilnamasynyň» çäklerinde TFF bilen bilelikde zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. 2027-nji ýylda giňeldilen mekdep futboly maksatnamasynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

 

Geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda tälimçileriň we tehniki işgärleriň taýýarlygy, zenanlar hem-de ýaşlar futbolynyň ösdürilmegi bar. Gaioz Darsadze «Arkadag» futbol toparynyň üstünliklerini aýratyn belläp, topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky duşuşykda üstünlik arzuwlary bilen goldady.

 

Jamal MANAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.