Tebigatda duş gelýän täsin gülleriň biri-de hoýa gülüdir. Açyk gülgüne reňkdäki gülleri bilen özüne çekýän bu gülüň ylmy ady - Hoya karnosa. Irki döwürde «mum pyçagy» diýlip atlandyrylýan bu gül köp ulanylypdyr. Mundan başga-da, gül ýapraklarynyň farfora meňzeşligi üçin oňa farfor güli diýilýär. Hoýa hemişe gök öwüsýän görnüş bolup, tebigatda Hindistanyň, Wýetnamyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň çygly subtropiki tokaýlarynda, Ýaponiýanyň Kýusýu we Rýukýu adalarynda, Filippinlerde, Awstraliýada duş gelýär. Ol 200 ýyl töweregi wagt bäri bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Hoýa köp wagtlap gülleýär. Ak, açyk gülgüne, ýyldyz şekilli güller saýawan şekilli gül toplumynda ýygnanýar. Gül ýapraklary etlekdir. Gülleri süýji nektar öndürýär we örän hoşboý yslydyr. Nektar käwagt gül ýapragynyň üstüne damýar. Gülleri gündiz ys bermeýär. Emma günüň ýaşmagy bilen töwerek onuň ajaýyp ysy bilen doldurylýar. Her ýyl täze güljagazlar, şahajyklary emele getirýär, şonuň üçin olary kesmegiň zerurlygy ýok. Hoýa güli bäş agzaly «corolla – gül ýapragy» tarapyndan emele gelýär, merkezinde miweligi, tyçinkasy bar. Hoýa tozanjyklary ýörite haltajyklarda - poliniýada toplanýar. Torbalar tozanlaýjynyň bedeniniň käbir böleklerine birikdirilip bilner. Hoýa gülünde poliniýa jübüt görnüşde ýerleşdirilýär, her jübüt aýaklary bilen birleşdirilip, korpuskany emele getirýär - tozanlaýjynyň bedenini ele alýan mehaniki gysgyç. Korpuska bilen birikdirilen jübüt polinariýa diýilýär. Ol esasan hem kebelekler bilen tozanlanýar. Kebeleklere gülleriň üstünde oturmak oňaýsyz. Munuň üçin süýnüp, penjelerini yzygiderli hereketlendirýärler. Gül ýapraklaryny tutýarlar, aýaklaryny ginostegiýanyň rombuslarynyň arasyndaky boşluklara alýarlar, penjelerine ýapyşýan polinariýa basýarlar. Gülüň içinde polen turbalary poliniumdan daşarda ösüp başlaýar we stigma ýetýär. Tozanlanan gülleriň ýerine miweler emele gelýär. Olar açylýan iki ýaprajykdan ybarat. Miwe üç aý töweregi wagtda bişýär. Soň bolsa gurap, bir tarapa bölünýär. Hoýanyň tohumlary köp sanlydyr. Her tohumyň daşynda uzyn tüýjagazlar bar. Tohumlar howanyň sähelçe üýtgemeginde hem ýeňil we tiz dargaýarlar. Hoýa baldajyklary bilen hem gowy köpelýär. Emma häzirki wagtda tebigatda farfor güllerine ýok bolmak howpy abanýar. Onuň peýdaly häsiýeti, ilki bilen ol dermanlyk ösümlikdir. Hoýadan ýasalan preparatlar bakterial ýokançlyklary artriti, demgysma we içegäniň çişmegini bejermek üçin ulanylýar. Ösümlikler gös-göni tebigatdan alynýar, köp ýaýran ýeri-de çygly tokaýlardyr. Häzirki wagtda dört görnüşli hoýany gidroponiki ulgamda köpçülikleýin ösdürmek üçin gözlegler alnyp barylýar. Gidroponika bu topraksyz şertde, suwda ösümlikleri ösdürmegiň usulydyr. Ösümlik kökleri arkaly suwdaky ýokumly erginden iýmit alýar. Bu görnüşde hoýany ösdürmegiň birnäçe artykmaçlygy bar: deňeşdirilende az çykdajy, az ýer we wagt talap edilýär, çalt ulalmak, keseliň minimal ýokaşmagy.
Şeýle-de hoýa güli otagdaky hapalaýjylaryň, kiçi bedenjikleriň derejesini has netijeli ýagdaýda peseldip biljek otag ösümlikleriniň hem biridir. Geçirilen gözlegler, gaz geçirmeýän gaplara ýerleşdirilen hoýa ösümliginiň benzol, toluol, oktan, α-pinen we trihloretilen ýaly üýtgäp durýan organiki birleşmelerinden howany arassalaýandygyny görkezdi.
Nurana ŞUKUROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.