Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Sanly ulgam — döwrebap ösüş ✦ ✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Eziz Watanymyzyň «ÝUNESKO» bilen hyzmatdaşlygy barha berkeýär
  21.02.2023
644
Eziz Watanymyzyň «ÝUNESKO» bilen hyzmatdaşlygy barha berkeýär

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan merdana türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna, goralmagyna uly ähmiýet berýär. Bu babatda halkymyzyň maddy we ruhy medeniýetiniň köpsanly desgalary hem-de medeni gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Türkmenistan Watanymyz «ÝUNESKO» bilen işjeň özara hereketleri yzygiderli alyp barýar. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça hem degişli işler hem dowam etdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.

Mälim bolşy ýaly, «ÝUNESKO» BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolup, ol medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy boýunça alnyp barylýan halkara hereketlerinde möhüm ähmiýeti eýeleýär. Onuň esasy maksady bilim, ylym we medeniýet ulgamynda dünýä ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeltmekden ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýär. Biziň ýurdumyz hem 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda guramanyň doly hukukly agzasy bolup, 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Şondan soňra 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna 1999-njy ýylda ýurdumyzyň çäginden ilkinji gezek taryhy ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2005-nji ýylda «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi, şeýle-de 2015-nji ýylda «Görogly» şadessany, 2017-nji ýylda türkmen milli aýdym-tans sungaty bolan «Küştdepdi», 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2021-nji ýylda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», 2022-nji ýylda bolsa «Keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şonuň ýaly-da Ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler hem alnyp barylýar. Bularyň ählisi bolsa mähriban halkymyzyň baý medeni mirasynyň, milli we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. 

 

Aýnur KAKYŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.