Häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmek meseleleri Döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Oba-senagat toplumyny düýpli özgertmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin bu pudaga ägirt uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Munuň özi Diýarymyzyň ähli sebitleriniň ýokary depginlerde ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, ykdysady abadançylygyň we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolup durýar. Pudagy ösdürmek döwlet syýasatynda strategik wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu jähetden, ýurdumyzda obasenagat toplumyny döwrebap özgertmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de önümçilik gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmek boýunça özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we döwrebap usullaryny ornaşdyrmak üçin gönükdirilýän serişdeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edermen babadaýhanlara döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn goldawlar berilýär. Pudagyň tehniki binýady döwrebaplaşdyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmekde, olary çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daşary ýurtlardan ösen oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, daýhanlar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär. Bu işleriň baş maksady bolsa ylmyň iň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyryp, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan hem-de eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda türkmen daýhanlary mukaddes topragymyzdan bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak urgunda üstünlikli zähmet çekýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda türkmen gallaçylary uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Olar özleriniň üstüne alan borçnamalaryny artygy bilen berjaý edip, Watan harmanyna dänäniň bol hasylyny tabşyrýarlar. Munuň özi bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Bu bolsa 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm edarasy bolan Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanan ýurdumyzda netijeli oba hojalyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.