Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Elektron hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
  13.05.2023
727
Elektron hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz eziz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda amala aşyrylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, toplumlaýyn çäreleriň esasy düzümlerini durmuşa geçirmek amal edilýär. Şu nukdaýnazardan, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli çözülýär. Şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan netijeli peýdalanmak arkaly elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde raýatlarymyza sanly ulgam arkaly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi giň gerime eýe bolýar. Munuň özi döwrebap, kämil hem netijeli ugurdyr.

Häzirki wagtda dünýäniň ösen tejribesinden hem görnüşi ýaly, ähli ulgamlaryň maddy-tehniki binýadynda elektron hyzmatlaryň, sanly ulgamyň paýy barha artýar. Şoňa görä-de, elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy oňyn ösüşe, netijeliligi ýokarlandyrmaga goşant goşýar. Elektron resminama dolanyşygynyň ulgamlaşdyrylmagy maglumatlar babatda özara gatnaşygy çalt amala aşyrmaga şert döredýär. «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Oňa laýyklykda, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ulanmak, ykdysadyýetiň hem-de durmuşyň ähli pudaklarynda elektron-sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektron-sanly ulgamlar arkaly aragatnaşyklary ýola goýmak ýaly çäreler alnyp barylýar. Gazetdir žurnallaryň, aragatnaşyk, bank, söwda hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Durmuşyň ähli ugurlarynda täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, ykdysadyýeti innowasion tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek işlerini durmuşa geçirmekde döwrebap hukuk binýadynyň bolmagy örän möhümdir we munuň özi ýurdumyzyň döredijilikli ösüş ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Ýulduz NARMETOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.