logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Economics /Elektrik simleri we kabelleri öndürýän kärhana
  27.06.2019
1235
Elektrik simleri we kabelleri öndürýän kärhana

      Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymgulynyň şygryýet gününiň uly dabaralara beslenip bellenilýän gününde Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda  elektrik simleri we kabelleri öndürýän kärhana açylyp, işe girizildi.

    “Jeýhunkabel” hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu kärhananyň önümçilik bölümleri iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.   Bölümde TDS-839-80 standartyna laýyklykda, ýokary woltly elektrik akymyny geçirýän howa elektrik ulgamlarynda ulanmaga niýetlenen A, AS kysymly simler öndürilýär. Önümçilikde ulanylýan çig mal alýumin katankasyny, daşy sink bilen örtülen polat simlerini öz içine alýar.

    Kärhananyň kämil  enjamlarynyň kuwwaty aýda dürli ölçegdäki simleriň 300 tonnasyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu önümler gurluşykda we beýleki degişli hajatlar üçin giňden ulanylar. Täze kärhananyň açylyş dabarasynda  ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýändigi üçin raýatlaryň milli Liderimize ýürekden çykýan alkyşlaryny eşitmek has-da ýakymly boldy.