logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Elektrik çyrasyny kim oýlap tapdy?
  12.10.2022
3176
Elektrik çyrasyny kim oýlap tapdy?

Täjirçilik maksatly ilkinji lampalaryň döredilmegi  Aleksandr Lodygin we Tomas Edisonyň atlary bilen baglanyşykly. Olar birek – birege garaşsyz, wakum çüýşelerinde uglerod ýakylýan  lampalaryň durnukly, ýagty we çydamly öwüşginini gazanyp, 1870-nji ýyllarda oýlap tapyşlaryny patentlediler. 1874 -nji ýylda Aleksandr Lodygin rus patentini, 1879-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Amerikaly alym Tomas Edison elektrik lampasyny patentledi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bu enjamyň oýlap tapyjysy  hasaplanýar. Aslynda, Edison diňe bar bolan ösüşleri gowulaşdyrdy. Tomas Edison ilkinji çyra kompaniýasyny döretdi.  Karbonlaşdyrylan bambuk süýümini ulanyp, özi we alymlar topary çyranyň ýanyş dowamlylygyny 1200 sagatdan gowrak ýokarlandyrmagy başardylar. Bu bolsa şol döwrüň  esasy tehnologiki açyşy boldy.  Mundan başga-da, 1838-nji ýylda Belgiýaly oýlap tapyjy Jobard ýarym sagat töweregi ýakylýan kömürturşy çyrany oýlap tapýar. 1840-nji ýylda Iňlis astranomy Warren De la Rue wakum  turbasyna platina siminiň rulonyny goýdy we elektrik toguny geçirdi.  Şeýle-de bolsa, bu enjamyň bahasy ýokary we gysga möhletli şeýle-de amatsyz ulanyşlydy. 1880-nji ýylyň başynda Tomas Edison öz döwrüniň  iň uly  elektrik  çyralaryny öndüriji kompaniýasyny döretdi.

1890-njy ýyllarda ABŞ-a göçüp gelen Aleksandr Lodygin  filament döretmek üçin refrakter materiallar  bilen synag geçirdi. Döwrebap lampalarda ulanylýan wolframy ulanmagy teklip  etdi.  1906-njy ýylda Aleksandr Lodyginiň  patentine laýyklykda,  ABŞ-da  wolfram  filamentli ilkinji  söwda çyrasy «General Electric» kompaniýasy tarapyndan öndürildi.

 

Mehriban TAÝROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.