Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦ ✦ Ylmy-amaly maslahatda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň futbol boýunça (U17) ýygyndy topary Daşkentde geçirilen CAFA 2025-de bürünç medala mynasyp boldular ✦ ✦ “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi ✦ ✦ Täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy ✦ ✦ Türkmenistandan 3 müňe golaý zyýaratçy haj saparyna ugradyldy ✦ ✦ Paýtagtymyzda Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkeýär
  19.04.2023
592
Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkeýär

Häzirki wagtda ýurdumyzda ählumumy mesele bolup durýan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselä aýratyn üns berilýär. Ekologiýa taýdan arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki halkara resminamalar bu ugruň ösüşini pugtalandyrmaga ýardam edýär. Oňa laýyklykda, daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, howplaryň döremeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bu ulgamdaky sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli ýollaryny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek esasy üns merkezinde saklanylýar. Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyz bu babatda halkara derejede möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bar bolan ekologiýa meselelerini çözmäge hem-de olaryň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär. Ýurdumyz bu ulgamda halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalaryňdyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli ýerlerde suw üpjünçilik düzümleriniň gurluşygy alnyp barylýar we durky täzelenilýär. Bu ugurda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly goşantdyr. Munuň özi Garagum sährasynyň haýwanat hem-de ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem ol ýerde ösümlikleri ýetişdirmek arkaly çölleri özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Sebitiň tejribe meýdançasynda şaly ýetişdirmek boýunça üstünlikli geçirilen synaglar muňa aýdyň mysaldyr. Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýada birnäçe çäreleri amala aşyrylyp, olar ähli pudaklarda, ilkinji nobatda, nebitgaz, ulag, elektrik energetikasy ulgamlarynda, obasenagat toplumynda, gurluşyk senagatynda hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda zyýanly zyňyndylaryň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmäge gönükdirilendir. Ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalary amala aşyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşyl tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy we beýleki ençeme çäreler ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir edýär. 

 

Gülsoltan OTUZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.