Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦ ✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ekologiýa abadançylygy – durnukly ösüşe badalga
  30.05.2023
402
Ekologiýa abadançylygy – durnukly ösüşe badalga

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine uly orun degişli edilýär, amala aşyrylýan giň gerimli işler bu günki günde özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Häzirki wagtda global mesele bolan daşky gurşawy goramak, oňa aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsinden, suwdan rejeli peýdalanmak babatdaky işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmeklik tutuş adamzadyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistan döwletimiz döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ekologiýa syýasatynyň netijesinde, ekologiýa taýdan arassa ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklik bolsa durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Çünki durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde daşky gurşawy goramak meseleleri esasy üns merkezinde saklanýar. Aýratyn hem, ýaş nesliň ekologik bilimlerini, ekologik medeniýetini ösdürmek, kämilleşdirmek, ekologiýa howpsuzlygy babatdaky zerur maglumatlar bilen ilaty habarly etmek bilen baglanyşykly asylly çäreler ýola goýulýar. Eziz ýurdumyzda ekologik bilim-terbiýä we nesilleriň bu babatdaky pikirlenişine möhüm ähmiýet berilmegi daşky gurşawy goramak meselelerine özboluşly goşant bolup hyzmat edýär. Gözel tebigatymyzy goramak, onuň bize eçilen baýlyklaryndan hem mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, oňa aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki bu netijeli işler tutuş adamzady gyzyklandyrýan möhüm meseledir. Sahawatly Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy suw serişdelerini rejeli ulanmak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň üstünlikli çözülmegine itergi berýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny ekmeklik hem asylly däbe öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň ählisi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde üstünlikli ýerine ýetirilip, munuň özi umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen beýik ýörelgedir. Şeýle umumadamzat bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli netijeli işleri, döwletli tutumlary amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri rowaçlyga beslensin! 

 

Göwher ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.