Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ekologik howpsuzlygynyň kepili
  30.03.2024
457
Ekologik howpsuzlygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda eziz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we netijede bolsa döwrüň täzeçe ugry bolan “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek boýunça möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. 


 

Köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy merdana hem parasatly pederlerimiziň kemala getiren milli däp-dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ajaýyp nyşanydyr. Çünki peder ýoluny dowamat eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini yzygiderli belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, baglaryň idegini wagtly-wagtynda ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy nygtaýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, gözel Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärligi ýerleşen medeni-seýilgäh toplumyny aýtmak bolar. Pederlerimizden dowam edip gelýän bu asylly dessur bereketli topragymyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny, amatly howa gurşawynyň emele gelmegini, ekologik howpsuzlygyň amal bolmagyny, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şertini üpjün edýär. 


 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly çärelerde hem bu işler öz ornuny tapýar. Şunda ekologik meselä, şeýle hem tokaý zolaklaryny döretmäge, ýollaryň ugrunda, derýalaryň, suw akabalarynyň kenarlarynda dürli görnüşli bag nahallaryny ekmäge uly ähmiýet berilýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň töweregindäki ajaýyp baglar, ýaşyl zolaklar şäheriň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşyp, onuň keşbini has-da özgerdýär. Bag zolaklarynyň, seýilgähleriň döredilmegi, ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Baglaryň oturdylýan meýdanlar ýylsaýyn giňelmek bilen, olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagynyň hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar, uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalaýar we ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup çykyş edýär. 


 

BMG-niň howa we ekologik meseleleri çözmek babatda ýurdumyzyň beýan eden oňyn teklipleri hem möhüm ähmiýete eýedir, bu ugurda Howanyň üýtgemegi bilen bagly 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutuldy. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan bu babatdaky giň gerimli özgertmeler Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösüşini, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegini şertlendirýär.  

 

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.