Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ebedi sungatymyzyň subutnamasy
  28.02.2020
670
Ebedi sungatymyzyň subutnamasy

      Türkmen halkynyň gadymylygy ýaly halkyň däp-dessurlary-da, dili, dini, sungaty hem gadymydyr, ebedidir. Bakylyga badalga türkmeniň gamyşgulak bedewi, türkmen alabaýy, nepislikde, owadanlykda, inçelikde dünýäni haýrana goýan türkmen halylarymyz ýyllaryň geçmegi bilen mertebesi barha beýgelýär. Sungata sarpasy ezelden bolan Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň parahatçylykly mahmal syýasaty netijesinde halkyň däp-dessuryna-da, sungatyna-da bimöçber aladasy bilen her ulgamda zähmet çekýänler üçin «Döwlet adam üçindir» diýen ýörelgäni ýol-ýörelge etmek bilen milliligimize goýýan sarpasy-da bahasyzdyr.

      Ine, 2016-njy ýylda Hormatly Arkadagymyzyň elimize gowşan «Arşyň nepisligi» atly kitabyny okap oturyşyma bu kitapda ýerleşdirilen jümleleriň hem haly sungatymyza, hemem şol sungaty döretýän zenanlarymyza goýulýan mertebedigine göz ýetirdim. Bu kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde owadan suratlar bilen çykarlypdyr. «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» kitaplaryň üsti bilen Hormatly Arkadagymyz halyny haly bolýança onuň ýüňüniň saryja goýunyň ýüňünden, boýaglaryny öz tebigatymyzda bitýän ot-çöplerden, miwelerden alynýandygyny nygtap, halynyň diňe ak öýlere bezeg dälde, eýsem bedeni ruhy we beden taýdan bejerijilik häsiýetiniň barlygyny tekrarlaýar. Şu kitabyň 11-ji sahypasynda şeýle jümle bar: «Asyl tebigat hemişe soň özleşdirilen tebigatdan rüstemdir. Haly halkymyzyň gadymy hem müdimi, owal-ahyr ygrarly sungatydyr».

    Ine, şu birje jümle hem halkyň hal ýagdaýyna, mertebesine, sungatyna Ýurt baştutanymyz tarapyndan nä derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Özem Hormatly Arkadagymyz bu sözleri kitaplaryň altyn sahypasynda ýygşyryp goýman, ýar ojagyna wepadarlygyny, balasyna hamraklygyny, ene topragyna bolan söýgüsini hiç bir baýlyga çalşyp bilmeýän türkmen zenanlarynyň on barmagyndan döräp, her çitimine gözleriniň nuruny, daraklarynyň sesine ýürek gürsüldisini goşup, halynyň görkine öz hulk gözelligini garyp dokan ajaýyp halylarynyň waspyny ýetirip, türkmen halylarynyň asyl tebigatdygyny tekrarlap-tekrarlap, dünýä halklarynyň hemmesi düşüner ýaly derejede işler alyp barýar. Bu irginsiz zähmet özüniň baldan datly miwelerini halka hödürledi. Hut eziz Arkadagymyzyň hala goýýan hormatynyň jogaby bolup 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmen halylary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky habar ilimize hoş habar bolup ýaýrady. Haly diňe düşek däl-de, haly ebediligiň mizemezligidir. Haly-bakylykdyr. Haly sungatdyr.

     Sebäbi ýyllar geçmegi bilen köneläýjek ýaly bolup görünýän haly lowurdap barha reňk açýar. Mahmal kimin ýumşaýar. Bu bolsa asyl tebigatyň beýikliginiň, türkmeniň ebedi sungatynyň subutnamasydyr.