Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly binýady döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Häzirki innowasion ösüşler senagaty, agrosenagat toplumyny, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, gurluşygy, söwda we beýleki hyzmat pudaklaryny gurşap alýar, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynda uglewodorod serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrylyp, elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklary tutumly işleriň dowamy bolup durýar. Dünýä bazarlaryna amatly ugurlar boýunça çykmak maksady bilen, ulag we kommunikasiýa infrastrukturasyny kämil derejede ösdürmekde halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyrylyp, üstaşyr ulag geçelgeleri, logistika merkezleri döredilýär, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän önümleri daşary ýurtlara dürli ugurlar bilen çykarmak üçin ähli ulag görnüşleri innowasion esasda ösdürilýär. Sanly ulgamyň ösmegi bilen internet aragatnaşygyň derejesi hem artýar. Şeýle belent sepgitleriň gazanylmagy durnukly ösüşiň möhüm ugry bolup, kuwwatly ykdysady ösüşe ýol açýar. Durnukly infrastrukturany döretmek, innowasiýalara ýardam bermek, döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň azyk üpjünçiligini berkitmek maksady bilen uly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň baý ekerançylygynda azyklyk ekinleriň meýdanlaryny giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, iri şahly mallaryň baş sanyny artdyrmak we balaryçylygy ösdürmek babatda düýpli işler alnyp barylýar. Döwrebap ýyladyşhanalaryň, azyk önümlerini uzak möhletleýin saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurluşyklary utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa içerki azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen birlikde, oba hojalygynyň durnukly ösüşine esas döredýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň hususy ugruny maksatnamalaýyn esasda ösdürmegiň berk binýadynyň döredilmegi hususy eýeçiligiň, hususy kärhanalaryň sanyny yzygiderli artdyrýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde ilatyň sagdyn durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara ülňülere laýyk gelýän işler alnyp baryldy. Dürli ugurly lukmançylyk merkezleriniň we hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurluşyklarynyň bady batlanýar. Ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi işjeň alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ussat, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işini kämilleşdirmeklige hem uly üns berilýär. Çünki kämil serişdelere, döwrebap tehnikalara we tehnologiýalara erk edip bilýän ýaş hünärmenler ýuruň geljegidir. Şeýle-de durnukly ösüşiň ekologik meseleleriniň doly berjaý edilmegine hem üns berilýär. Daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmäge garşy göreşmek, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini bagy-bossanlyga öwürmek üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. «Ýaşyl ykdysadyýetli» iri önümçilikleriň döredilmeginiň özi-de bu ugurdaky üstünlikli çözgütdir. Aral deňzini halas etmek babatda ýurdumyzyň alyp barýan işleri sebitiň ekologik durnuklylygyny üpjün etmegiň wajyp ugry bolup hyzmat edýär. Şeýle asylly hem toplumlaýyn işler durnukly ösüşiň ygtybarly ýoludyr.
Alparslan HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.