logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär
  22.10.2026
11
Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär

2023-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji gezek iki sany ýokary okuw mekdebinde — Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda durmuş işi ugry boýunça bakalawr maksatnamasy ýola goýuldy. Häzirki wagtda bu hünär boýunça 125 talyp bilim alýar. Ilkinji 35 hünärmeniň 2026–2027-nji okuw ýylynda okuwyny tamamlamagyna garaşylýar.

 

2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri hem-de häzirki wagtda bu ugurda işleýän durmuş işgärleri ÝUNISEF-iň goldawy bilen okuw meýilnamasyny gaýtadan gözden geçirýärler. Bu işleriň dowamynda Durmuş işgärleriniň halkara federasiýasynyň we Durmuş işi boýunça ýokary mekdepleriň halkara assosiasiýasynyň maslahatlary hem göz öňünde tutulýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady okuw maksatnamasyny Türkmenistanyň hünärmenlere bolan zerurlyklaryna we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyk getirmekden ybarat.

 

29-njy sentýabrdan 10-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda ÝUNISEF-iň halkara bilermeni doktor Salome Namitçeişwili iş saparynda boldy. Saparyň çäginde iki ýokary okuw mekdebiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Şeýle hem talyplar we mugallymlar üçin birnäçe okuw sapaklary guraldy.

 

Täzelenen okuw maksatnamasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri talyplaryň amaly taýdan taýýarlygyny güýçlendirmek bolar. Şol maksat bilen olaryň hünär başarnyklaryna baha bermek üçin täze gural — talybyň amalyýet portfoliosy girizilýär. Şeýle-de durmuş edaralarynda geçirilýän önümçilik amalyýetleriniň gerimi giňeldilýär.

 

Mundan başga-da, ýokary ýyl talyplary üçin geljekki iki okuw möwsüminiň dowamynda ilkinji gezek okadyljak täze dersler taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda çagalar, ýaşlar we maşgalalar bilen durmuş işi, çagalary goramak, şeýle hem jemgyýet we guramalar bilen işleşmek ýaly dersler bar.

 

Şu ýyl okuwyny tamamlamaly talyplara diplom işlerini taýýarlamak, amalyýetden geçmek we uçurym synaglaryna taýýarlyk görmek boýunça degişli maslahatlar berildi. Birinji ýyl talyplary bolsa durmuş işiniň esaslary bilen tanyşdyryldy.

 

Yklymmuhammet NURNIÝAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.