logo

Latest news:
✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦
Home / Interesting /Dünýäniň meşhur gazetleri
  28.12.2022
931
Dünýäniň meşhur gazetleri

«The Wall Street Journal» gazeti. Bu gündelik gazet iňlis dilinde bolup, işewürlige, telekeçilige gönükdirilen halkara gazetdir. Ilkinji gezek 1880-nji ýyllaryň başynda çap edilip başlandy.  Gazetiň häzirki ady bilen ilkinji neşiri 1889-njy ýylda çap edildi. Şu güne çenli halkara Pulitser baýragyny 30 gezek gazanan gazet özüniň nusga sany boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iň köp neşir edilýän gazetdir.

«The Guardian» gazeti. Bu gazet  Beýik Britaniýada neşir edilýän gündelik gazetdir.  Ol 1821-nji ýylda telekeçi J.Teýlor tarapyndan esaslandyryldy. 2006-njy ýylda «Bütindünýä gazet dizaýny» baýragyna mynasyp bolan bu meşhur gazetiň ABŞ-da we Awstraliýada web sahypalary bar. Onuň çap ediliş dizaýny öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. 

«The Washington Post» gazeti. Gazet ABŞ-nyň Waşington şäherinde gündelik neşir edilýän gazet bolup, ilkinji gezek 1877-nji ýylda çap edildi. Bu neşir esasan hem syýasy habarlara ünsi çekýär.  Ol Pulitser baýragyny 47 gezek gazandy. 

«New York Times»  gazeti. Ol 1851-nji ýylyň 18-nji sentýabryndan bäri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde yzygiderli neşir edilýän gündelik gazetdir. Gazetiň neşiri ABŞ-da «The Wall Street Journal» gazetinden soň ikinji ýerde durýar.  Ol halkara Pulitser baýragyny 117 gezek gazandy. 

«China Daily» gazeti. Bu gazet  Hytaý Halk Respublikasynda iňlis dilinde çap edilýän gündelik gazetdir. Bu gazet 1981-nji ýyldan bäri çap edilip gelinýär. Neşir Hytaýda ýaşaýan daşary ýurtlulara we iňlis dilini ýokarlandyrmak isleýän ýerli ýaşaýjylara niýetlenendir. Neşiriň iňlis, hytaý, fransuz dillerindäki onlaýn görnüşi 1995-nji ýylda işe girizildi. 

«The Sydney Morning Herald» gazeti. 1831-nji ýylda esaslandyrylan bu gazet  Awstraliýada her gün iňlis dilinde çap edilýär. Gazet ilkibaşda «Sydney Herald» diýlip atlandyryldy. 

«Times of India» gazeti. Gazet Hindistanda iňlis dilinde çap edilýän gündelik gazetidir. Ol Hindistanyň çäginde iň köp satylýan neşir bolup, 3-nji ýerde durýar. 

 

Muhammet DÖWRANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.