Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýädäki iň uly gowak
  14.04.2023
1809
Dünýädäki iň uly gowak

Wýetnamdaky «Şondong» gowagy (wýetnamça Hang Son Doong) dünýädäki iň uly gowakdyr. Ol şeýle bir uludyr welin, 40 gatly bina hem bu ýere gabat gelýär. Mundan başga-da, gowagyň içinde hakyky jeňňeli, derýalary we şaglawuklary görüp bilersiňiz! Degişli hünärmenler üçin Şondong ýaly ullakan gowagy tapmak, edil meşhur Ewerest dagyny ýer astynda tapmaklyga meňzeýär. Ol 20-nji asyryň ahyrynda doly öwrenilip başlandy. Gowak 1991-nji ýylda Ho-Han atly ýerli ýaşaýjy tarapyndan tapyldy, ýagny ol tupandan gaçybatalga gözläp, dünýäniň iň uly gowak ulgamynyň girelgesine girdi. 2009-njy ýylda Goward we Deb Limbertiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary bu gowagy öwrenmäge gitdiler. Olar bu masştabdaky ýere haýran galdylar we bu gowagy dünýäde bar bolan gowaklaryň iň ulusy diýlip ykrar etdiler. 2019-njy ýylda çümdürijiler gowagyň ýerasty geçelgeler ulgamy bilen Hang Thung atly başga bir gowaga birikdirilendigini anykladylar. Şondong gowagy Merkezi Wýetnamyň Kuangbin welaýatynda ýerleşýär. Onuň ady «dag derýasynyň gowagy» diýlip terjime edilýär. Alymlaryň pikiriçe, takmynan üç million ýyl töweregi gowagyň umumy uzynlygy dokuz kilometre golaý bolupdyr. häzirki wagtda gowadyň göwrümi 3,8 kub kilometre ýetip, öz içinde 40 sany beýik binany saklap bilýär we Boeing 747 uçary gowagyň iň uly geçelgesine rahatlyk bilen girip bilýär. Şondong ozal dünýäniň iň uly gowagy hasaplanýan Malaýziýadaky «Sugun» gowagyndan bäş esse uludyr. Ynsan aýagynyň gowaga ol entek tapylmanka girendigi barada hiç hili subutnama ýok, ýöne ol ýerde beýleki jandarlar uzak wagtdan bäri ýaşaýarlar. Gowakda ýylanlar, tilkiler, maýmynlar, garaguşlar, guşlaryň beýleki görnüşleri we alakalar, şeýle hem ýer astyndaky garaňkylykda ýaşamaga öwrenişen jandarlar tapyldy. Gowagyň içinde giň suw derýasy akýar. Uzynlygy 70 metrden geçýän iň beýik stalagmitler we futbol topunyň ululygyndaky hek daşyndaky merjenler hem Şondongda tapyldy. Gowagyň howasy her möwsüm üýtgeýär. Mysal üçin, fewral-aprel aýlary aralygynda syýahatçylar bu ýerde gün şöhlesiniň gaýa slaýdyndan geçip, ajaýyp wizual effektleri döredenlerinde haýran galdyryjy görnüşleri görüp bilerler. Bu döwürdäki howa birneme salkyn bolup bolsa-da, gün klimaty güýçlendirýär. Iýun-awgust aýlary aralygynda myhmanlar gowakda bulutlaryň emele gelşine tomaşa edip bilerler, esasanam 1-nji we 2-nji jülgäniň ilkinji düşelgeleriniň golaýynda. Jülgeden gelýän ýylylyk gowagyň ýerasty derýasynyň bugy bilen garylyp, üýtgeşik görnüşi berýär. Bu ýerde hatda tomusda hem salkyn, gyşda bolsa ýyly şemal öwüsýär.

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.