logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Dünýädäki iň köp ulanylýan parollar mälim edildi
  17.11.2022
1354
Dünýädäki iň köp ulanylýan parollar mälim edildi

Sanly dünýäniň durmuşymyza ornaşmagy bilen ýüze çykan birnäçe programmalar durmuşymyzy has-da ýeňilleşdirýär. Indi biz gündelik özümize gerekli işleri we ähli zatlary, onlaýn ýagdaýda amala aşyryp bilýäris. Bu amallary ýerine ýetirmek üçin bolsa internete şahsy hasaplardan girýäris, birnäçe ýerlere özümize degişli açar sözleri we parollary ýazýarys.

Hünärmenler dünýäde iň köp ulanylýan parollary mälim etdiler we olardan daşda durmagy maslahat berdiler. Şahsy parollaryň birnäçe çylşyrymly simwollardan düzülmegi olary döwmegiň öňüni alýar. Köp ulanylýan, aňsat we ýeňil parollar bolsa tiz döwülýär we şahsy maglumatlaryň paýlaşylmagyna we rugsatsyz ogurlanmagyna getirýär.

Derňew işleri dünýä belli «NordPass» kompaniýasy tarapyndan, 30 dürli ýurtda ýaş we jyns tapawudyna görä, şeýle-de paroly döretmek tendensiýalaryna laýyklykda geçirildi. 

Geçirilen derňew işlerinde iň köp ulanylýan parollar: password, 123456, 123456789, qwerty, 12345678, 111111, 12345, col123456, 123123, 1234567, 1234, 1234567890, 000000, 555555, 666666, 123321, 654321, 7777777, 123. 

Şol sebäpli  şahsy parollary goramak üçin gerekli we ygtybarly howpsuzlyk çärelerini görüp, çylşyrymly simwollardan düzülen parollardan peýdalanmaly! 

 

Ogulmaral KAKABAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.