logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Döwür kämil bilim bilen batlanýar
  30.12.2022
849
Döwür kämil bilim bilen batlanýar

Ýurdumyzda bilim ulgamy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­ýär. Döw­le­ti­miz­de ýaş­la­ry­my­zyň bi­lim al­ma­gy, bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­ýän mil­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry ka­bul edil­ýär. Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da her bir ada­myň bi­lim al­ma­ga hu­ku­gy­nyň bar­dy­gy we umu­my or­ta bi­li­mi her bir ada­myň döw­let bi­lim eda­ra­la­ryn­da tö­leg­siz al­ma­ga hak­ly­dy­gy ba­ra­da ýa­zy­lan. Dün­ýä döw­let­le­ri­niň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň art­ýan hä­zir­ki döw­rün­de ýur­du­my­zyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne amat­ly go­şu­lyş­ma­gy, öz ge­ze­gin­de mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň döw­re­bap de­re­je­de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Çün­ki hü­när bi­li­mi ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ýur­duň dur­muş we yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» bi­lim ul­ga­myn­da­ky esa­sy we­zi­pe­ler kes­git­le­nen­dir. We­zi­pe bi­lim al­ma­gyň äh­li bas­gan­çak­la­ryn­da yzy­gi­der­li­li­gi we üz­nük­siz­li­gi üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Bi­li­miň yzy­gi­der­li­li­gi we üz­nük­siz­li­gi yn­sa­nyň öm­rü­niň do­wa­myn­da şah­sy­ýe­tiň we jem­gy­ýe­tiň ze­rur­lyk­la­ry­na la­ýyk gel­ýän bi­lim ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­dyr. Bi­lim ul­ga­myn­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri bi­ri-bi­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Ösüşiň täze basgançaklaryna gönükdirilen bilim maksatnamalaryna laýyk getirilýän innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryny ýaş nesliň özleşdirip bilmekleri, olara düşünmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda kompýuter tehnologiýalarynyň, multimedia enjamlarynyň we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň dünýä tejribesi öwrenilip, okuw mekdepleriniň innowasion ulgamynyň ösüşi goldanylýar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy taýdan enjamlaşdyrylyşyny pugtalandyrmak, olaryň bilim-terbiýeçilik işleriniň guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjünçiligini döwrebap kämilleşdirmek, dürli okuw we usulyýet edebiýatlarynyň neşir edilişini çaltlandyrmak işleri hem oňyn netije berýär.

Eziz Wa­ta­ny­myz­da Arkadagly Serdarymyzyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek, barha özgertmek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan beýik iş­ler mähriban hal­ky­my­zy diýseň buý­san­dyr­ýar we galkyndyrýar. 

 

Bossan SAPAROWA,

Daşoguz şäheriniň 26-njy çagalar bagynyň müdiri.