Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Döwrebap ylym-bilim - häzirki eýýamyň ösüş guraly
  08.11.2022
601
Döwrebap ylym-bilim - häzirki eýýamyň ösüş guraly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň her bir ýaş raýatynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy üçin aladalar edilýär. Bu ugurda ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine hem ýokary baha berilýär. Ýaşlaryň bilim başarnyklaryny, sagdyn durmuş endiklerini ösdürmek we degişli medeni guramaçylyk işleri arkaly olaryň zehinlerini açyp görkezmek, saýlap alan hünärine ugrukdyrmak we höweslendirmek bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem, milli bilim ulgamynyň şu günki güne çenli gazananlary we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünär hem usulyýet babatda toplan tejribeleri ýaşlaryň hakyky şahsyýetler hökmünde kemala getirilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, bilim babatdaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini we ýaşlar babatdaky meseleleriň netijeli çözgüt tapmagyny üpjün edýär.

Arkadagly Serdarymyz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip bellemek bilen, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işiniň düýpli kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, mugallymlaryň işiniň döwrebap guralmagyna we olaryň hünär kämilligine bolan talaplar barha artýar. Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlap ösýän ýurdumyzda biz — mugallymlardan edilýän döwrebap talaplara mynasyp jogap bermek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Şu ýerde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini hem bellemek gerek.

Goý, ýurdumyzda ylymly-bilimli, ösen aň-düşünjeli we ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Aýgül BERDIGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.