logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦
Home / Technology /Döwrebap bilim we robototehnikanyň ähmiýeti
  19.05.2023
738
Döwrebap bilim we robototehnikanyň ähmiýeti

Robototehnika - bu oýlap tapyş, dizaýn we rasionalizasiýa çärelerine tarap ilkinji ädim tehniki döredijilikdir. Mehanikanyň, zynjyryň, elektronikanyň we programmirlemegiň başlangyçlary. Bu diňe bir gyzyklanma tegelegi däl eýsem daş-töweregine meňzeş pikirleri ýygnaýan, tejribe alyşmaga we seniň ýaly bir zady halaýan dostlary tapmaga kömek edýän tutuş bir hereket.

Robotlaryň dizaýny bilen meşgullanýan çagalar ünsliligi, takyklygy, tertip-düzgüni, hyýalylygy, jogapkärçiligi ösdürýärler we elbetde dostlukly we sazlaşykly toparda işlemegi öwrenýärler. Robototehnika her bir çaga ýönekeýden çylşyrymlylyga geçmäge mümkinçilik berýär, ilki bilen taslamanyň ösüş tapgyryna gatnaşýar, soň bolsa ähli bölekleriň jemleýji ýygnanyşygynda gutarnykly netijäni alýar.

Döwrebap bilim we robotlar

Häzirki zaman çagalary aňsat we höwes bilen öwrenýärler. Olar interaktiwligi gowy görýärler we ylym bilen içgin gyzyklanýar. Bu programmirleme, matematika, fizika we algoritmika ýaly derslere ilkinji ädimdir. Köp mekdep okuwçylary (7-18 ýaş aralygy) her ýyl Bütindünýä Robototehnika olimpiadasyna gatnaşýarlar. «Oguz Robot» gurnagynyň zehinli okuwçy agzalary dürli ýyllarda Meksikanyň Mehiko şäherinde, BAE-niň Dubaý şäherinde, Hytaýyň Gonkong şäherinde geçirilen robot tehnologiýalarynyň halkara bäsleşiklerinde hem baýrakly orunlary eýeledi. Tehnologiýa äleminde täzelikleriň irginsiz gözleginde bolýan ýaş robotçylara geljekde hem üstünlik arzuw edýäris! 

Robototehnikanyň ähmiýeti we peýdalary

Robototehnika häzirki zaman çagalarynyň ösüşiniň iň möhüm ugurlaryndan biri hasaplanýar. Bu tendensiýa bilen baglanyşykly meseleler iň ýokary derejede çözülýär. Şeýlelik bilen Bilim ministrligi birnäçe ýyl bäri bilim robotlaryny mekdep dersleriniň hataryna girizmek barada oýlanýar. Çagalara tehnologiýanyň we dizaýnyň häzirki zaman ösüşi barada zerur bilimleri almaga we özlerine düşnükli we gyzykly «Çaga beýnisini» kiçi göwrümde modellemäge mümkinçilik berýär.

Robototehnika sapaklary, adatça, döredijilikli çemeleşmä esaslanýan gumanitar ugry we matematiki ugry bolan çagalar üçin gyzyklydyr. Hatda fizika, matematika we dizaýn bilen hiç wagt gyzyklanmadyk çagalar hem bu derslere başgaça seredip başlaýarlar we netijede giňişleýin ösüş alýarlar.

 

Rasul KUTLYMURADOW,

Daşoguz şäherindäki daşary 
ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta 
mekdebiň informatika mugallymy.