Bilim ulgamynyň esasy we uly bölegi umumy orta bilim berýan orta mekdeplerdir. Häzirki wagtda çagalara umumy orta bilimi döwrebap usulda bermek bilen bir hatarda ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge-de uly üns berilýär. Bu ugurda orta mekdepleriň mugallymlaryň öňünde wajyp wezipeler durandyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze, döwrebap orta mekdepler yzygiderli gurlyp ulanmaga berilýär. Ozal bar bolan orta mekdepleriň durky täzelenýär. Bu mekdeplerde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik işleriniň hilini ýokarlandyrmaga, döwrebaplaşdyrmaga-da ähmiýet berilýär. Çagalaryň sagdyn ösmekleri, dünýä ülňilerine laýyk gelýän döwrebap bilim, milli ruhda terbiýe almaklary bilim ulgamynyň öňünde duran baş maksat, mukaddes borç hasaplanylýar.
Şeýle öňe gidişlikleri gazanmak ugrunda Gökdepe etrabynyň bilim bölümine degişli bolan bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem zerur tagallalar edilýär. Etrap bilim bölüminiň başda durmagynda orta mekdeplerde we çagalar baglarynda geçirilýän dürli çäreler ýaş nesle tälim-terbiýe bermekde alnyp barylýan işleriň netijeliligini tassyk edýär. Etrabyň orta mekdeplerinde okuwlaryň döwrebap usulda guralmagy ugrunda asylly işler amal edilýär. Orta mekdeplerinde interaktiw tagtalarynyň ornaşdyrylmagy, mekdepleriň häzirki zaman kompýuterler, innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bolsa, bilim bermekde täze, häzirki zaman usullardan giňişleýin peýdalanmak arkaly bu ugurda belent sepgitlerine ýetilendeginiň aýdyň subutnamasydyr. Her ýyl birinji synpa gelýän körpejelere Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öwrediji kompýuterleriň söwgat berilmegi çagalara innowasion tehnologiýalar arkaly bilim bermegi putalandyrýar. Bu kompýuterlerde mekdepde geçilýän sapaklaryň elektron nusgalarynyň bolmagy, kompýuterleriň dürli öwrediji oýunlar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa, çagalar üçin hem gyzykly hem-de peýdalydyr. Mekdeplere okuw kitaplarynyň elektron nusgalarynyň berilmegi bolsa, mekdep kitaphanasynda elektron kitaplaryň goryny döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi.
Gökdepe etrabynyň orta mekdeplerinde bilim we terbiýeçilik maksatly dürli çäreleriň yzygiderli geçirlip durmagyna uly üns berilýär. Mekdepleriň iş meýilnamalaryna laýyklykda etrap derejesinde göreldeli sapaklaryň, usuly maslahatlaryň, çagalaryň arasynda sport, zehin bäsleşikleriniň guralmagy dowam etdirilýär. Häzirki günlerde dersler boýunça hepdelikleri geçirmek, göreldeli sapaklary guramak, synpdan daşary terbiýeçilik masatly çäreleri, sport ýaryşlaryny geçirmek ýaly işler güýçli depginde alnyp barylýar. Birinji synpda okaýan körpeje okuwçylarynyň okuw-ýazuw derslerinde harplary doly geçip gutarmaklary mynasybetli “Harplyk” baýramy olaryň ýadyndan çykmajak derejede täsirli we şadyýan baýramçylyk hökmünde geçirilýär. Şeýle hem orta mekdeplerde tamamlanyp barýan 2019-2020-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlemek işlerine-de uly ähmiýet berilýär. Mekdeplerde synag burçlary döredilip, okuwçylara we ene-atalara synaglary talabalaýyk geçirmek barada zerur maglumatlar berilýär. Sepgit we synpdan-synpa geçiriş hem-de gutardyş döwlet synaglaryna taýýarlyk işlerine hem berk üns berilýär. Çagalaryň arasynda “Soňky jaň” dabarasyny düzgün-tertip bilen geçirmek barada düşündiriş işleri yzygiderli geçirlip durýar. Ene-atalaryň ýygnaklary guralyp, onda çagalaryň okuwa doly gatnamaklary, synaglara oňat taýýarlanmaklary hem-de “Soňky jaň” dabarasyny düzgün-tertibe laýyklykda geçirmek meseleleri barada söhbetdeşlikler we ara alyp maslahatlaşmalar guralýar.