logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Döwrebap bilim – bagtyýar geljek
  12.05.2023
1019
Döwrebap bilim – bagtyýar geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, ylym bilen önümçiligiň özara arabaglanyşygyny üpjün etmek hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenen. Bu ugurda döredilen mümkinçilikler hem şertler öňde goýlan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmäge esas berýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamyny kämilleşdirmek, dürli ugurlarda ylmy gözlegleri alyp barmak, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda ylmy işleriň geçirilmegini gazanmak esasy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ylym bilen önümçiligi sazlaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasynda ösdürilmegine esaslan täzeçil usullary ornaşdyrmak, ylmy-önümçilik binýadyny berkitmek, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri höweslendirmek ýola goýulýar.

 

Ylym-bilimiň ösdürilmegine uly üns berilýän döwrümizde esasan hem ýaşlaryň ylmy üstünliklerini, işläp taýýarlamalaryny, ylmy gözleglerini seljermek we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmak babatda ýurdumyzda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem daşary ýurtlaryň innowasion ulgamlaryny birleşdirmek we innowasion ulgamlary döretmek boýunça halkara maksatnamalara, iri taslamalara gatnaşmak wezipelerinden ugur alýar. Munuň özi ylmy işleriň netijeliligini artdyrmaga şert döredýär.

 

Bulardan başga-da, täzeçil işewürlik başlangyçlaryny döretmäge, olara maýa goýumlary çekmäge ýol açylýar. Ylym bilen önümçiligiň sazlaşygyny gazanmak bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.

 

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň täzeçe röwüşde ösdürilmegi, ýaşlaryň ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, kämil hünärli bolmaklary ugrunda ähli şertleri döredip berýän Hormatly Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Ogulnur NEPESOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.