logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Society /Döwletli geňeşe barýarys
  09.09.2026
5
Döwletli geňeşe barýarys

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilen gününden bäri ildeşlerimiziň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, dünýä bileleşiginde abraýyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem milli terbiýeli, ösen aň-düşünjeli, sagdyn ýaşlary ýetişdirmekde uçursyz köp işleri bitirip gelýär. Halkyň bähbitlerini goraýan bu ýokary wekilçilikli edara 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty görnüşinde döredildi.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu döwletli geňeşde geçilen ýollara ser salynyp, öňde goýlan maksatlara ýetmek bilen bagly wezipeler kesgitlenilýär. Baş baýramymyzyň şatlyk-şowhuny mejlisde kabul edilýän çözgütleriň netijeleri bilen ulaşýar. Mejlise eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinden dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlarymyz, şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagy türkmen halkynyň agzybirligini hem-de jebisligini, häkimiýet bilen halkyň bitewüligini mundan beýläkde pugtalandyrmaga kömek edýär.

 

Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hem döredilip, bu geňeş halka bähbitli çözgütleriň kabul edilmegine ýakyndan ýardam berýär. Bu bolsa adamlaryň bähbidine, halkyň ruhy we ykdysady taýdan galkynmagyna gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmeginde ýaşuly nesliň ornunyň uludygyny tassyklaýar.

 

Ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge, ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

 

Näzik MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy.