Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Dostluk suw howdany”- dostlugyň nyşany
  09.08.2019
2334
“Dostluk suw howdany”- dostlugyň nyşany

  Bilşimiz ýaly ata-Watanymyz Türkmenistany goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen dost-doganlyk serhetlerimiz birleşdirýär. Türkmen-Eýran serhedine degişli «Sarahs» serhet  birikmesi öz çäginde dürli tebigy gözellikleri bolan «Bathyz» döwlet goraghanasynyň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini, şeýle-de uly ähmiýete eýe bolan «Dostluk» suw howdanyny jemleýär.

  Gürrüňi ediljek «Dostluk» suw howdany möhüm strategik we inženerçilik desgasy bolmaklyk bilen, tebigy suw serişdelerini aýawly we netjeli peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir. Onuň ätiýaçlyk suw gory häzirki maglumatlara görä 1 mlrd. 300 mln. kubmetre deň. Çuňlugy 78 metr bolan howdan bendiniň umumy meýdany 12 kilometr kwadrata deň. Şu ýylda ygalyň köp ýagandygy sebäpli Tejen derýasynyň suwy köpeldi. Bu bolsa öz gezeginde «Dostluk» suw howdanyna goşmaça 752 mln. 410 müň. kubmetr suwyň toplanmagyna ýardam etdi. Alynýan suw möçberiniň köpelmegi bilen, Sarahs etrabynda goşmaça ekin eýdanlaryny özleşdirmeklik meýilleşdirilýär.

      Möhüm ähmiýeti bolan «Dostluk» suw howdanynyň esasy maksady Tejen (Gerirud-gadymy atlandyrylyşy) derýasynyň suwuny bir ýere toplap, ony iki ýurduň çägine deň paýlamakdan ybarat. Türkmen tarapyna suw paýlamak işi «Şirdepe» suw paýlaýjy desgasy arkaly amala aşyrylýar.

      «Dostluk» suw howdany - bäş sany desgadan ybarat bolup, olar esasy bent, gatla jaýy we onuň ýanyndaky suw geçiriji ötük, 1-nji we 2-nji böwetler hem-de «Şirdepe» suw paýlaýjy desgasyndan ybaratdyr. Howdanyň çäginde degişli abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýar. 

      2005-nji ýylda ulanyşa girizilen «Dostluk» suw howdany onuň çägindäki ilatly ýerleri we ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün emekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ol iki dostlukly ýurdyň hem umumy suw howdany bolup, iki tarapa hem deň derejede bähbitlidir. Suw howdanynda balyklaryň we beýleki suw jandarlarynyň dürli görnişleri bolup, onuň daş-töweregi hem dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr.

     «Dostluk» suw howdany iki ýurduň araçäginde ýerleşýär. Şonuň üçin hem suw howdanyndan peýdalanyp serhetden bikanun geçilmeginiň öňüni almak, şeýle-de howdanyň inženerçilik desgalaryny we biodürlüligini gorap saklamak maksady bilen, serhetçiler karterleriň kömegi bilen howdanyň içinde we kenarlarynda yzygiderli gulluk alyp barýarlar. «Dostluk» suw howdany aýratyn ähmiýetli desga bolup, serhetçiler tarapyndan onuň goragyna jogapkärli çemeleşilýär.

      Suw ýaşaýşyň çeşmesi häzirki wagtda ýer ýüzündäki suwlaryň diňe bir göterimi süýji suw bolup onuň hem esasy bölegi demirgazyk antraktidadaky buzluklaryň paýyna düşýär. Bu bolsa adamzat jemgyýetiniň geljekde suw serişdelerini peýdalanmakda oýlanşykly hereket etmelidigi baradaky pikiri öňe sürýär.

      Gadymyýetde ata-babalarymyz suwyň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler. Gahryman arkadagymyzyň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy suw serişdelerini aýawly we netjeli peýdalanmak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, «Altyn asyr» türkmen kölüniň gurlup ulanylmaga berilmegi we hut Gahryman arkadagymyzyň özüniň ak pata bermegi bilen onuň ýerleşýän ýerinde täze Serdar  şäherçesiniň düýbüniň tutulmagy, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde, BMG-sy bilen  Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda rezelýusiýanyň kabul edilmegini aýtmak mümkin.

  Hormatly Prezidentimiziň öňe süren ähliumumy ekologik abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň çäginde «Dostluk» suw howdany ýaly möhüm ähmiýetli desgalaryň onlarçasy bar. Uzak geljegi we ekologik abadançylygy nazarlaýan syýasat, durnukly ösüşiň kepilidir. Goý hormatly Prezidentimiziň ähliumumy ekologik abadançylygyna bagyşlanan  başlangyçlary we çäreleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin.