logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Culture /DOST-DOGANLYKDAN NYŞAN
  14.12.2019
932
DOST-DOGANLYKDAN NYŞAN

    Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesindäki Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan maslahaty TDP-niň etrap komiteti hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň we ilkinji guramalarynyň işgärleri, işjeň partiýa agzalary, bilim işgärleri hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

    Maslahatda çykyş edenler ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň üstünlikli geçendigi, şol saparyň çäginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyzyň  we halkymyzyň medeni-taryhy barada milli Liderimiziň ýazan kitaplarynyň özbek diline terjime edilen nusgalarynyň sergisini synlandygy bilen baglanyşykly gürrüňe buýsanç bilen ähmiýet berdiler.  Saparyň çäklerinde  Hormatly Prezidentimize Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi diýen derejäniň berilmegi örän şatlykly waka bolandygyny çykyş edenler uly buýsanç bilen nygtadylar. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyza berlen hormatly dereje milli Liderimiziň  iki ýurduň halklarynyň dostluk we pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine goşýan saldamly goşandyna mynasyp bahadyr.

   Maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi diýen derejäniň berilmegi mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.