logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Döredijilik duşuşygy geçirildi
  23.05.2020
976
Döredijilik duşuşygy geçirildi

      Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde “Bitaraplyk — köňülleriň buýsanjy” ady bilen ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyny Ahal welaýat kitaphanasy, Gökdepe etrap medeniýet merkezi hem-de TDP-niň Ak bugdaý etrap komiteti bilelikde gurady.

      Ýurdumyzyň merkezi gazet-žurnallarynyň döredijilik işgärleri — ýazyjy-şahyrlar duşuşygyň hormatly myhmanlary bolmak bilen, oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdiler. Ýurt Baştutanymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak babatdaky tagallalary,  öňe sürýän möhüm  halkara başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki ähmiýeti dogrusyndaky söhbet olaryň çykyşlarynyň özenini düzdi.  

      Döredijilik işgärleriniň   hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan Watanymyzyň halkara derejesindäki şan-şöhratyndan ylhamlanyp, döreden eserleri barada beren gürrüňleri hem aýratyn  gyzyklanma bilen diňlendi. Myhmanlaryň labyzly okan goşgulary bolsa, döredijilik duşuşygyna baý many-mazmun çaýdy.