Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /«Dokuzyň üçe ýetmeli!»
  08.02.2023
1014
«Dokuzyň üçe ýetmeli!»

Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde dowarlaryň ot-iýme bolan islegi hem artýar. Türkmen çarwadarlarynyň «Dokuzyň üçe ýetýärmi?!» diýen sowalynyň manysy «Dokuz aýda toplanan goruň üç aý dowam edýän gyşdan dowarlary abat alyp çykmaga ýeterlikmi» diýen sowaly aňladýar.

Dowardarçylykda dowarlary dok gyşlatmak, gyşdan başbitin alyp çykmak her bir mal eýesinden ýa-da çopandan iň bir tutanýerliligi talap edýän möwsümdir. Dowarlary dok gyşlatmakda milli we ygtybarly tejribelere daýanylyp, dogry we doly ýerine ýetirilmegi bolsa, öňdäki owlak-guzy möwsüminde alynjak ýaş owlakdyr guzularyň sagdyn bolmagyna oňyn şert döredýär. Dowardarçylykda alnyp barylýan her bir möwsümleýin işlerde milli tejribelere daýanmak örän ygtybarlydyr. Sebäbi ol ygtybarly tejribeler birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda durmuş tejribesinden saýlanylyp alnan işlerdir.

Dowarlary göwnejaý gyşlatmak köp derejede çopanlaryň özlerine baglydyr. Ýurdumyzda dowarlary ýylboýy öri meýdanda saklamak tejribesini çopanlar giňden ulanýarlar. Ýurdumyzda howa häli-şindi, ylaýta-da, gyş aýlary duýdansyz çalt üýtgeýär. tomsy dowamly, örän yssy, gurak, jöwzaly, emma gyş möwsümi welin, gysga, ýöne örän sowuk bolýar. Muny «Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýen türkmen nakyly hem tassyk edýär.

Ilki bilen, çopanlar dowarlary gyşlatjak öri meýdanlaryny saýlap alýarlar we kaşarlarynyň, basdyrmalarynyň abatlygyny heniz dowarlar göçürilip eltilmänkä gözden geçirýärler. Kaşaryň ýylgynlarynyň ýykylan ýerlerini söküp, täzeden bejerýärler. Maldarlar dowarlary gyşlatmak möwsümini üstünlikli tamamlamak bilen, geljekde wajyp möwsümleriň biri bolan owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işlerini görýärler. Şeýle işleriň netijeli geçirilmegi mallaryň baş sanynyň artmagyna hem-de olaryň tükel saklanylmagyna peýda berýär.

Dowarlary dok gyşlatmak arkaly et we ýüň berýän sagdyn dowarlar kemala gelýär. Sagdyn dowarlaryň kemala gelmegi netijesinde bolsa, olardan alynýan ýüň, et, ýag, süýt önümleri azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmakda zerur şertleriň özeni bolup durýar. Munuň üçin bolsa, dowarlary dok gyşlatmakda sözümiziň başynda belleýşimiz ýaly, häzirki döwürde «Dokuzyň üçe ýetmeli!» 

 

Ýolbars BERDIÝEW,

Aşgabat şäher agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.