logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Economics /DÖKÜN-TOPRAGA MELHEM
  09.02.2020
923
DÖKÜN-TOPRAGA MELHEM

      Daýhan hemişe öz rysgalyny ene toprakdan gözleýär. Daýhanlar Gahryman Arkadagymyzyň olaryň ekip ýetişdirjek hasyllarynyň bol bolmagy üçin berýän ýeňilliklerinden-ýerden, suwdan, dökünden, tehnikadan netijeli peýdalanýarlar. Muňa “Tejenkarbаmid” zawodynyň zähmetkeşleri hem diýseň oňat düşünýärler. Olar ýylyň–ýylyny netijeli görkezijiler bilen jemleýärler.

       Zawodyň işçi hünarmenleri geçen ýylyň dowamynda 177 million 107 müň 131 tonna karbаmid dökünini öndürdiler. 1 million 169 müň 113 tonna amiak önümini taýýarladylar. Munuň özi bolsa zawodyň işçileriniň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda has hem öndürijilikli zähmet çekmäge borçly edýär. Zawodyň önümleri diňe bir türkmen daýhanlarynа zerur bolan karbаmid dökünlerini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol dökünler Hindistan, Türkiýe, Özbegistan we Russiýa ýaly ýurtlarа eksport edilip, ýurdumyzyň ykdysady derejesini ýokarlandyrmagyna оňyn täsirini ýetirýär.

      Zawodyň işçi hünärmenleri özleri üçin giň mümkinçilikler döredýän hormatly Prezidentimize hemişe alkyş sözlerini aýdýarlar.