logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Science and Education /Dil öwrenmek – dünýä çykmagyň möhüm şerti
  05.01.2023
1098
Dil öwrenmek – dünýä çykmagyň möhüm şerti

Daşary ýurt dillerini öwrenmek, olary suwara bilmek jemgyýetimizde esasy üns merkezinde saklanylýan ugurlaryň biridir. Dil – dostluk köprüsidir, ol dünýä çykmagyň baş şerti hökmünde çykyş edýär. Şeýle-de ol möhüm aragatnaşyk serişdesi hökmünde ykrar edilen görkezijidir. Häzirki wagtda Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini özleşdirmegine uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýy belende galyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna kämil innowasiýanyň gazananlary giňden ornaşdyrylyp, olarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri, kompýuter tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Bu bolsa dünýä dillerini suwara bilýän hünärmenleriň kemala gelmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dillerini öwretmeklik işleri ýokary derejede alnyp barylýar, ýaşlara ençeme dünýä dilleri öwredilýär. Bu boýunça geçirilýän okuw sapaklary özüniň guramaçylyk ýagdaýy, işjeň häsiýeti, sanly ulgamyň ornaşdyrylanlygy we usulyýeti bilen aýratyn tapawutlanýar. Türkmen ýaşlary bu gün geçirilýän ylmy-amaly we usulyýet maslahatlarynda, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda daşary ýurt dillerinde teleköpri arkaly uzak aralykdan yzygiderli gurnalýan okuw sapaklarynda bilimlerini artdyryp, sözleýiş medeniýetini ösdürýärler.

Dünýä dillerini öwrenmeklik dünýä ýurtlarynyň tejribesiniň milli häsiýetde ýurdumyzda peýdalanylmagyna we asylly ýörelgelerimiziň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna uly ýol açýar. Ýurdumyzda halkara derejesinde onlaýn görnüşinde geçirilýän forumlarda, maslahatlarda, sergilerde we beýleki dünýä jemgyýetçiligi bilen bagly çärelerde dünýä dilleriniň peýdalanylmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýle möhüm ähmiýetli wakalarda bolsa döwrümiziň kämil bilimli, ýokary hünär derejeli ýaşlary, dilçileri, degişli hünärmenleri we terjimeçileri ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň ýokary derejede öwrenilýändigini subut edýärler. Munuň özi diňe bir dil öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýändigini aňlatman, eýsem, türkmen medeniýetiniň wagyz edilmeginde hem uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde belent abraýdan peýdalanýan Watanymyzda daşary ýurt dillerini ýaş nesle öwretmekde alnyp barylýan asylly işler bolsa döwrümizi ösüşe besleýän buýsançly ýagdaýdyr.

 

Gülruh BEKIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.