logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Dil öwrenmek – döwrümiziň talaby
  23.12.2022
1442
Dil öwrenmek – döwrümiziň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir.

Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köptaraply ösmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara dili hökmünde ykrar eden dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Iňlis dili giňden ýaýran roman-german diller toparyna degişli bolup, bu hem öz gezeginde has uly hindi-ýewropa diller toparyna girýär.

Tehnologiýalar ulgamynda häzirkizaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda Internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we aýdymlaryň örän köpsanlysy iňlis dilindedir. Häzirkizaman hünärmenine, aýratyn-da, işiň ylym, tehnologiýa ulgamlarynda ýa-da halkara hünär aragatnaşyklary zerur bolan ugurlarda meşgullanýan hünärmen üçin häzirki wagtda işlerini üstünlikli guramakda iňlis diliniň orny uludyr. Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle özgertmeleriň biri-de orta mekdeplerde ene dilimizden başga-da iňlis, rus, nemes, hytaý, ýapon dilleriniň okadylyp başlanmagydyr.

Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Esasan-da iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa ilki, öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir. Döwrüň ösmegi, özgermegi, Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha artmagy, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy daşary ýurt dillerini özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. 

 

Bilbil HOJAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.