Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Dil öwrenmegiň peýdaly ýollary
  20.01.2023
882
Dil öwrenmegiň peýdaly ýollary

Häzirki wagtda jemgyýetçilik aňynyň ösmegi halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has hem kämilleşdirýär. Bu bolsa, beýleki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny öwrenmäge gyzyklanma döredýär. Şeýle ýagdaýda dünýä dillerinde gürläp bilmeklik, oňa düşünmek biz üçin täze dünýäni, täze gatnaşyklary açmaga sebäp bolýar. Häzirki wagtda ýer ýüzünde 7 müňe golaý diller bolup, her diliň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Käbir diller bir-birine meňzeş bolsa, käbirleriniň elipbiýi meňzeş bolýar. Mysal üçin, hytaýda iň köp gepleşilýän dil bolan mandarinçede sözlemiň için¬de sözleriň ýeriniň üýtgemegi bilen manysy üýtgeýär. Köp dilde hat çepden saga ýazylýan bolsa, arap dilinde sagdan çepe ýazylýar. Dil öwrenilende dünýäde has köp ulanylýan dilleri öwrenmek biz üçin has peýdaly bolup biler. Halkara dilleriň biri bolan iňlis dilinden başga-da, ispan, fransuz dillerinde hem köp gürleşilýär. Bu dillerde ýazylan kitaplaryň we beýleki çeşmeleriň köp bolmagy bolsa has köp maglumata düşünmäge mümkinçilik berer. Täze dil öwrenmek üçin diňe mekdepde ýa-da beýleki okuwlarda berlen dersler bilen çäklenmeli däl. Daşary ýurt dilini özleşdirmek üçin onuň başga-da çeşmelerini yhlasly gözlemeli. Şeýle-de şol dildäki radio we telegepleşiklere, multfilmlere, filmlere tomaşa etmek, şol dilde ýazylan kitaplary okamak hem dili kämilleşdirmek üçin peýdaly usuldyr. Bulardan başga-da, onlaýn okuwlary, gepleşikleri diňlemeklik hem öwrenilýän dile düşünmek ukyby artdyrýar. Akylly smartfonlar arkaly ýörite programmalaryň üsti bilen hem söz baýlygyňy artdyrmaga mümkinçilik bar. Islendik işde üstünlige ýetmek üçin irginsiz türgenleşmek gerekdir. Bu ýagdaý täze dil öwrenmek babatda hem şeýledir. Öwrenýän diliňi has çalt kämilleşdirmek üçin şol dilde gepleşýän adamlar bilen söhbetdeş bolmaly ýa-da gepleşýänlere tomaşa etmeli. Öwrenýän diliňizi has gowy bilýän dostuňyz, ýakynyňyz bar bolsa, olar bilen şol dilde köpräk gepleşmeli. Ýa-da şol dildäki ýerine ýetirilen aýdymlary köpräk diňlemeli. Mümkin bolsa, aýdymyň sözlerini okap, ýat tutup, soňundan ýazga seretmezden, öz ýanyňdan bilelikde ýerine ýetirmek hem gowy netije berýär. Şeýlelikde, şol dildäki sözler we olaryň manylary has gowy ýadyňyzda galar. Bulardan başga-da dil öwrenmekde kitaphanalardan ýa-da kitap dükanlaryndan suratlar arkaly dil öwredýän gollanmalary alyp peýdalanmaklyk oňyn ýardam edýär. 

 

Guwanç BABANYÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.