logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Science and Education /Dil bilen dünýäni gezer
  25.12.2023
1329
Dil bilen dünýäni gezer

Ylym-bilimiň gadyr-gymmatyny oňat bilýän eziz halkymyzda “Dil bilen dünýäni gezer” ýa-da “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam” ýaly örän ýerlikli atalar sözleri döredilipdir. Günsaýyn pajarlap ösýän berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan isleg barha artýar. Bu görkeziji esasan hem ýaşlaryň arasynda has-da ýokarydyr. Her bir medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan dil, islendik halkyň medeni-mirasynyň açary hökmünde hyzmat edýär. Dil öwrenmek halklaryň dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni-gumanitar hyzmatdaşlyklary ösdürmekde, giň gözýetime eýe bolmakda örän uly ähmiýete eýe bolup durýar.       

 

 

Häzirki wagtda ýaşlara daşary ýurt dillerini iň inçe aýratynlyklary bilen bile çuňlaşdyryp okatmaklyga döwlet derejesinde üns berilýär. Şeýle aladalaryň netijesinde ýaş hünärmenler islendik kärde zähmet çekseler-de, daşary ýurt dillerini suwara bilmekligi endik edinýärler.

 

 

“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, dil öwretmek bilen bagly dünýä tejribesiniň gazananlaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak, bilimiň ähli derejelerinde bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumy yzygiderli durmuşa geçirilýär.  

 

 

Bahar MUKUMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.