Deňiz ösümlikleri minerallaryň we peýdaly elementleriniň iň baý toplumy, şeýle hem köp witaminlere eýedirler. Maglumatlara görä, hytaýly tebipleriň eýýäm VII asyrda eýýäm deňiz suwotylaryny ulanyp başlandyklary mälimdir.
Deňiz suwotylarynyň 30 müňe golaý görnüşi ylma mälimdir. Olaryň käbiri ýüzlerçe asyr bäri adamlar tarapyndan ulanylyp gelinýär. Olaryň dürli görnüşlerinden agar-agar, boýaglar, ýod ýaly gymmatly çig mallary alynýar. Eger-de suwasty dünýäsiniň ösümlikleri köpüsi bolmasa-dy, onda ösen derman senagaty we kosmetologiýa hem bolmazdy.
Laminariýa
Laminariýa irki wagtdan bäri halk arasynda şeýle meşhur bolupdyr welin, ol halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Laminariýanyň köp görnüşi bar. Iň meşhurlary ýapon deňziniň günorta sebitlerinde ösýän ýapon laminariýasydyr. Ol şeýle-de Gara deňizde giňden ýaýrandyr. Köp peýdaly maddalary saklaýandygyndan başga-da, laminariýa suwotylary düzümindäki ýod üçin hem organiki taýdan diýseň gymmatlydyr.
Spirulina
Spirulina duzda we süýji suwda ösýän mikroskopik spiral suwotylarydyr. Onuň ýokumlylygy amerikaly hindiler, beýleki gadymy taýpalary tarapyndan ençeme asyr mundan ozal ýüze çykarylypdyr. Spirulina XVI asyra çenli gündelik iýmitleriň hem möhüm bölegi bolupdyr. Düzüminde hatda soýadan hem belogy bir ýarym esse köp saklaýar. Häzirki wagtda spirulina köp mukdarda gaýtadan işlenýär. Adamlaryň bejeriş iýmitine, balyk we guşçulyk fermalarynda iýmit goşundylary hökmünde goşulýar.
Arame
Arame örän giň göwrümli, goýy goňur reňkli, ýumşak tagamly suwotydyr. Guradylan görnüşde, inçe dilim edilip satylýar. Olary miwesi kökli ekinleri bilen birleşdirýärler, käwagtlar gök önüm we balyk tagamlaryna goşundy hökmünde hem goşulýar.
Wakame
Wakamede köp mukdarda kalsiý bar, hatda süýtden 15 esse köpdür. Bular uzyn, goýy ýaşyl ýa-da goýy goňur suwotylardyr. Olar birneme süýji we ýumşak, hatda balykgulagyň tagamyna birneme meňzeýär. Azyklyk maksat bilen köp ulanylýar.
Kombu
Kombu goýy zeýtun reňkli suwotylardyr. Olar köplenç noýba we gök önümli tagamlara goşulýar. Kombunyň iki ýa-da üç gezek ulanmaga mümkinçilik berýän gaty güýçli tagam bar.
Nori
Nori beloklara, fosforlara we A witamine baýdyr. Olar goýy ýaşyl reňkden ýalpyldawuk, inçe zolakly görnüşinde bolýar. Irlandiýada bugdaý uny we lawyry tekiz çörek ýasamak üçin köpden bäri ulanýarlar.
Azyklyk maksatlar üçin deňiz ösümlikleri doňdurma, duzly, duzlanan we gury görnüşde taýýarlanýar. Islendik deňiz ösümligi Ýaponiýada we daşary ýurtlarda suşi barlarynda aýrylmaz önümdir. Köp ýurtda goňur deňiz suwotylary stabilizatorlar we galyňlaşdyryjylar hökmünde iýmit maddalarynyň köpüsini, esasy önümiň tagam aýratynlyklaryny ýokarlandyrmak üçin komponentler hökmünde ulanylýar.
Olardan ýene bir möhüm madda bolan agar-agar alynýar. Bu gyzyl we goňur suwotylaryndan polisaharidleriň, agaropektiniň we agarozanyň garyndysyndan alnan önüm. Suwly erginlerde agar-agar galyň jeli emele getirýär we şonuň üçin jelatin bolup hyzmat edýär. Bu komponent derman önümlerini, konditer önümlerini öndürmekde örän möhümdir. Agar-agar madda mikrobiologiýada ajaýyp serişde bolup çykyş edýär.
Suwotylar kosmetologiýada
Deňiz ösümligi lukmançylyk we kosmetika önümleriniň iň gadymy maddalarynyň biridir. Häzirki wagtda kosmetikada ulanmagyň usullary dürli-dürli: poroşok görnüşinde olar bedeniň örtükleriniň bir bölegi, suwotylaryň efir ýaglary garramaga garşy önümlerde ýygy-ýygydan düzülýär. Suwasty ösümliklerden alynýan ekstraktlar bejerişde ulanylýar we ekstraktlar şampunlarda hem-de beýleki önümlerde bolýar. Deňiz ösümlikleri derini ajaýyp iýmitlendirýär, täzeleniş proseslerini güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar we kislota-esas balansyny kadalaşdyrýar. Şeýle hem olarda deri öýjüklerinden ýagly birleşmeleri aýryp bilýän maddalar bar. Şonuň üçin olar bedeni ideg edýän önümleriň köpüsi deňiz suwotylaryndan alynýar. Deňiz ösümligi saçlara ideg etmegiň täsirli önümidir. Goňur suwotylary öz içine alýan saç maskalary kelläniň gan aýlanyşygy gowulandyrýar, saçlary köklerinden ahyryna çenli energiýa bilen üpjün edýär. Suwotylaryň antiseptik aýratynlyklary bolsa ýagly saçlary bejermekde ulanylýar.
Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.