logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /Demokratik özgertmeler-ösüşleriň özeni
  01.02.2020
1223
Demokratik özgertmeler-ösüşleriň özeni

     Ynha şeýle at bilen Ak bugdaý etrap häkimliginiň kiçi mejlisler zalynda etrabyň bilim we saglyk işgärleriniň we kalby buýsançdan doly ýaşyly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ,,Demokratik özgertmeler-ösüşleriň özeni’’diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Syýasy jemgyýetimiziň möhüm çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan taryhy çözgütlerinden ugur alyp geçirilen bu wagyz-nesihat maslahaty aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Wagyz-nesihat maslahatyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy Maksat Ballykow alyp barmak bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan taryhy çözgütleri dogrusynda giňişleýin çykyş etdi. Soňra maslahatda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy Mommadow Nurýagdy, şeýle-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Çemen Könäýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünliklere beslenip geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan çözgütleri dogrusynda, şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizmek boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky permanyň kabul edilmegi barada, Türkmenistan döwletimiziň hil taýdan täze iki palataly ulgama geçmekligi barada asylly başlangyçlaryň öňe sürülmegi barada täsirli çykyşlary etdiler. Bu edilen täsirli çykyşlar bolsa maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.