logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Nature /Daşky gurşawyň goraglylygy – abadançylygyň kepili
  21.11.2022
1200
Daşky gurşawyň goraglylygy – abadançylygyň kepili

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde döwletimiziň adamzadyň durnukly ösüşine, ony ekologik howplardan goramaga, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga goşýan goşantlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Türkmenistan döwletimiz degişli ugurda umumy tagallalara oňyn goşant goşup, dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle-de dürli maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan halkara ekologiýa forumlarynyň we okuw maslahatlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurdudyr. Türkmenistan özünde sagdyn ekologik ýagdaýyny saklamak bilen, BMG-niň örän ähmiýetli tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň birnäçesine, ýagny Biodürlülik hakyndaky we Çölleşmä garşy göreş konwensiýalara, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena Konwensiýasyna hem-de Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus Konwensiýalaryna goşuldy. Bu halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny amal etmek bilen ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwletimiziň içeri syýasatda ýöredýän ekologiýa ýörelgeleri daşary syýasat meselelerinde-de özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz halkara maslahatlarynda we forumlarynda edýän çykyşlarynda Türkmenistanyň ýöredýän ekologiýa syýasatynyň many-mazmunyny doly beýan etmek bilen, bu babatda umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň ençemesini öňe sürýär. Bu bolsa döwletimiziň ýöredýän ekologiýa syýasatyny, daşky gurşawy goramak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleri we olaryň halkyň hem-de sebitiň ykbalyndaky ähmiýetini halkara jemgyýetçiligine äşgär edýär.

Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty, tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler ylmy taýdan öwrenilen we tassyklanan ýörelgelere, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky ähli başlangyçlarynyň rowaçlyklara, üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris! 

 

Aýnur ÝAGMYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Bagbançylyk we gök ekerançylyk 
kafedrasynyň mugallymy.