Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Telekeçilik we şahsy ösüş barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň talaby
  09.01.2023
1010
Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň talaby

Berkarar Watanymyzda bu gün eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy has-da belende galýar. Ähli ugurlar babatda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň gözbaşynda Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasaty durýar. Ylym-bilimi ösdürmek we onuň dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmekligini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň daşary ýurt dillerine bolan sowatlylygyny ösdürmeklik ugrunda oňyn netijeler gazanylýar. Bu gün türkmen ýaşlary belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, döredýärler, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, ökde hünärmenler bolup ýetişmegine bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň umumy we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi okadylyp, onuň hili has-da ýokarlandyrylyp, tejribeli we öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär.  Döwletimizde daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişine goşandyny goşandyny goşýan köp sanly dil merkezleri hem hereket edýär. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmekligine, suwara hem-de erkin gürläp bilmek mümkinçiligine eýe bolmaklaryna uly şert döredýär. Bu ugurda hünärmenleriň ýokary dil taýýarlygynyň we baý tejribesiniň bolmaklygy zerur görkezijidir. Ýokary dil taýýarlygynyň bolmaklygy hünärmenler üçin artykmaçlyk bolup, ol her hünärmen üçin bu ugurda giň şert-mümkinçilikleri açýar. Ata Watanymyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň degişli konsepsiýasynda göz öňünde tutulan ähli çäreleriň berjaý edilmegi, hünärmenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmaklygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak we ony ösen tehnologiýalaryň, enjamlaryň üsti bilen utgaşyklykda alyp barmak esasy görkezijidir. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan şeýle giň möçberli çäreler bolsa döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesidir. Diýarymyzda üç dilliligi ösdürmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Gurlup ulanylmaga berilýän ak mekdepleri, ösen tehnologiýaly ýokary okuw jaýlary talabalaýyk derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglary bilen üpjün edilýär. Dil öwretmeklik hem kämil usullar esasynda, şeýlede sanly tehnologiýalary okuw işinde peýdalanmak arkaly alnyp barylýar. Bu bolsa geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp derejede goşant goşjak ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine uly şert döredýär. Döwrüň özgermegi, ösmegi, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky at-abraýynyň artmagy, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň dabaralanmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmeklerini talap edýär. Pursatdan peýdalanyp, Garaşsyz ýurdumyzyň ösmegi, halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Mähri JUMABAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.