Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Daşary ýurt dillerini okatmagyň ähmiýeti
  07.11.2022
1427
Daşary ýurt dillerini okatmagyň ähmiýeti

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmakda, innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda  terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar.

Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarynda gazanylýan öňe gidişlikler, täze-täze ylmy açyşlar daşary ýurt dillerinde çap edilýär. Şol nukdaýnazardan hem ylmy-jemgyýetçilik şertlerde dilleri birkemsiz öwrenmek möhümdir. Ylmyň täze gazanlary bilen aýakdaş gitmek, ylmyň derwaýys meselelerini seljermek üçin daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmek maksady bilen okuw prosesinde giňden peýdalanylýan sözlükleriň, gysgaça adalgalaryň taýýarlanylmagy hem öz gezeginde, ýaş nesilleriň özbaşdak taýýarlanmak derejelerini artdyrmaga, käbir adalgalara has içgin düşünmäge ýardam berýär. Okuw sapaklarynda häzirki zaman ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, dürli görkezme esbaplary, audio ýazgylarynyň ulanylmagy ýaşlaryň özleşdirýän temalarynyň hiline oňyn täsir edýär. Şeýle çemeleşme okuw sapaklaryň täsirini, özleşdirilýän derse bolan gyzyklanmany döredýär. Daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmegi okuwdan daşary geçirilýän işler  bilen utgaşdyrmak  möhüm ähmiýete eýedir. Okuw sapaklary we yzygiderli geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik işleri hem-de medeni-köpçülik çäreleri  Gahryman Arkadagymyzyň belent yhlasyndan dörän gymmatly eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyryp geçirilýär. Bu bolsa ýaşlarda watana, zähmete  bolan  söýgini terbiýeleýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti döwletimiziň dünýä ýurtlary  bilen   halkara gatnaşyklarynyň barha ösýän, sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete  geçilýän döwründe has hem aýdyň duýulýar.  Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller üçin okamaga, döretmäge, daşary ýurt  dillerini öwrenmäge  ähli şertleri döredip berýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Türkmen ýaşlarynyň bu gün dünýäniň dürli künjeklerinde bilim almagy üçin hem zerur şertleriň döredilmegi bolsa mähriban halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini jümle-jahana ýaýmaklaryna giň ýol açýar. Bularyň hemmesi ýaşlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge we mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz alkyşy goşalandyrýar.

Şeýle bagtyýar döwrümizde abadan durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun! 

 

Gülşat GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.