logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dabaraly maslahat
  23.01.2020
900
Dabaraly maslahat

    Änew şäherindäki Medeniýet öýünde “Belent maksatlara tarap ynamly ädimler” atly maslahat geçirildi. TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda bolan maslahata partiýa işgärleri we işeňňir agzalary, kitaphanaçylar  gatnaşdy.

      Maslahatda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik taryhy işler, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikleri barada täsirli gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly ata Watanymyzyň täze taryhyna altyn sahypa bolup girýar. Geçen, 2019-njy ýylda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler ählimizi begendirýär, buýsandyrýar. Şol ýyl ykbal özgerdiji ajaýyp wakalara örän baý boldy. Ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary durandyr.

     Maslahatyň dowamynda TDP-niň şäher we etrap komitetleriniň, ilkinji partiýa guramalarynyň öňdebaryjy işgärleriniň, şeýle-de işeňňir partiýa agzalarynyň birnäçesi TDP-niň welaýat komitetiniň hormat hatlary hem-de ýörite sowgatlary bilen sylaglandy. Maslahata gatnaşyjylar ata Watanymyzy bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine alyp barýandygy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda  beýik işleri durmuşa geçirýändigi üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.