Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Türkmenistan bilen Malaýziýanyň Gatnaşyklary - dostlukly hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri ✦ ✦ Şatlyk paýlap geldi ülkäme Täze ýyl! ✦ ✦ Täze ýylyň bellenilişi ✦ ✦ Syýasy işjeňlik ― jemgyýetiň ösüşiniň binýady ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi
  05.10.2024
153
Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji dabarasy geçirildi. Bäsleşikler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda sergi bilen utgaşyp, türkmen edebiýatynyň beýik şahyrynyň ömri we edebi mirasyny wasp etdi. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Şeýle-de, çäräniň çäginde Pyragynyň hormatyna döredilen sungat eserleri tomaşaçylara uly täsir galdyrdy.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagynda, şahyryň hormatyna alnyp barylýan döredijilik işlerinde ägirt uly çuň many bar. Çünki, türkmen edebiýatynyň taryhynda ýitmejek yz galdyran beýik şahsyýeti hatyralap, 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylmagynyň özi, ýaş nesillerimizde beýik şahsyýetiň döredijiligine we edebi mirasyna hormat goýmakda, olarda watansöýüjilik, jebislik, agzybirlik ruhuny terbiýelemekde ähmiýetli mekdep bolup durýar.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda beýik şahyryň döredijiligi barada: “Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen türkmen milletiniň pelsepesini, halkyň ruhunyň heňini özüne siňdirip, türkmenleriň ýanbermez erk-isleginiň daýanjyna öwrüldi. Ol özüniň ölmez-ýitmez eserlerinde halkyň özbaşdak, garaşsyz döwlet baradaky mukaddes arzuwyny beýan etdi,  olarda bitewilige bolan güýçli çakylyk ýaňlandy” diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylda Gündogaryň parlak ýyldyzy akyldar Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejede bellemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan döwlet çäreleriniň çäginde şahyryň ajaýyp keşbi, döredijilik dünýäsi we onuň ähmiýeti ylymda, bilimde, sungatda “janlandyrylýar”, dürli görnüşli kämil eserler döredilýär, ylmy, çeper, publisistik işler peýda bolýar.

 

Söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Türkmen dünýäsi” gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi we Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan edilen “Dünýä akyldary – türkmen danasy” hem-de “Reňbe-reň gül açar türkmen ýaýlasy” atly döredijilik bäsleşikleriniň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan edilen “Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň arasynda yglan edilen “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik bäsleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden “Magtymguly Pyragy we milli miras” atly ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň bäsleşiginiň jemleri dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bäsleşikleriň  ýeňijilerine degişli diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Dabaraly çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň ýerine ýetiren naýbaşy eserlerinden döredijilik sergisi gurnaldy. Watanymyzyň ösüşli menzilleriniň täze belentliklerini hem-de Magtymguly Pyragynyň ömri we edebi mirasyny wasp edýän  şekillendiriş sungatynyň eserleri  tomaşaçylara uly gyzyklanma döretdi.

 

Beýik şahyryň hormatyna alnyp barylýan ägirt uly işleriň many-mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen  iş ýüzüne ornaşdyrylýan döwrebap täzelikler, eşretli durmuş keşbi hem öz beýanyny tapýar.

 

Bilbil Çaryýewa, 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň ylym bölüminiň başlygy